Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýewiň gelmegi bilen Andijanyň ýaşaýjysyna täze jaýy sowgat etdiler, ol gaýdansoň mylaýymlyk bilen ol ýerden çykardylar


Mirziýoýewiň gelmegi bilen Andijanyň ýaşaýjysyna täze jaýy sowgat etdiler, ol gaýdansoň ol ýerden çykardylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Mirziýoýewiň gelmegi bilen Andijanyň ýaşaýjysyna täze jaýy sowgat etdiler, ol gaýdansoň ol ýerden çykardylar

Andijanyň 35 ýaşly ýaşaýjysy Hurşida Tillýaýewa Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Andijan oblastyna saparynyň öňüsyrasy ýerli telewideniýede çykyş edip, döwletden ýaşaýyş jaý alandygyny şatlykly mälim etdi. Döwlet ýolbaşçysy gaýdandan soň, özüne ol jaýy boşatmagy haýyş edendiklerini Azatlyga habar berdi.

Bir sagatlyk öý eýesi

35 ýaşly Andijandan bolan tikinçi, iki çaganyň ejesi Hurşida Tillýaýewa prezident Şawkat Mirziýoýewň oblasta saparynyň öňýanynda bir günlük teleýyldyz bolandygyny Azatlyga aýtdy.

– Men tikinçilik fabriginde işleýän, jaý almaga arza berdim. Prezidentiň geljek güni Andijan häkimliginiň Aýallaryň işi baradaky komitetinden işgärler gelip, meniň täze jaýa barmalydygymy aýtdylar. Görsem çagalar bagynyň işgärleri jaýyň içini ähli gerekli zatlar bilen bezäpdirler. Hut şol gün «Uzbekistan 24» telekanalynyň habarçysy menden interwiýu aldy. Interwiýuda men gözüme ýaş aýlap, kakam ölen bolsa-da, mähriban atamyz bar eken, prezidentiň atalyk aladasy bilen maňa ýaşaýyş jaý berildi diýdim. Soň görsem tutuş Andijan meniň telekanaldaky çykyşymy görüpdir. Ähli tanyşlarym meni gutladylar. Prezident Andijandan giden badyna bolsa, bu jaýyň eýesiniň eýýäm bardygyny, maňa jaýy soň berjekdiklerini aýtdylar. Şonda men özümiň gurnalan şowhunyň pidasy bolanymy bildim – diýip, Hurşida Tillýaýewa aýdýar.

Onuň sözüne görä, döwlet ýolbaşçysy Andijan oblastyna geljek güni ýerli ýaşaýjylardan sekiz sanysyna täze kottejleri beripdirler, ýöne prezident gaýdan badyna olardan alty ýaşaýja jaýy boşatmagy haýyş edipdirler.

Azatlygyň habarçysy gurnalan oýnuň pidalaryndan ýene biri bilen gürrüňdeş boldy. Ol Andijanyň 30 ýaly ýaşaýjysy Muýassar Rahimowa.

– Maňa täze kwartira berilýändigini bilip agladym hem prezidente alkyş aýdyp başladym. Maňa kwartiranyň içki bezegini bozmaz ýaly, köne öý goşlarmy soň getirersiň diýdiler. Mundan daşary-da maňa öz hasabyma prezidentiň gelmegi mynasybetli adrasdan köýnek tikmegi tabşyrdylar. Men köýneklik üçin 300 müň sum töledim. Munuň daşyndan ýerli çinownikler çagalarymy-da gowy geýindirmegi tabşyrdylar. «Prezidentiň geljek güni täze jaý alan bagtly maşgala laýyk siziň ähliňiz ýaraşykly geýinmeli» diýdiler. Soňra bolsa olar meni bu kwartiradan çykardylar. Munuň bary bir sagatlyk oýun eken. Olar prezidenti aldamak üçin, bizi gurjak hökmünde peýdalandylar – diýip gürrüňdeşimiz zeýrenýär.

Özbek TW-däki «Ýalan hakykat»

Şu ýylyň 16-njy maýynda prezidentiň Andijan oblastyna saparyny beýan eden «Uzbekistan 24» telekanaly taunhaus görnüşinde gurlan täze jaýlara 164 maşgalanyň göçüp gelendigini habar berdi. Döwlet ýolbaşçysynyň saparyny beýan etmäge gatnaşan ýerli žurnalistlerden biri Azatlyga bu oýnuň taýýarlanyşynyň käbir taraplaryny gürrüň berdi.

– Ýerli çinownikler prezidentiň girip göräýmegi mümkin bolan 10 kwartirany saýlap aldylar. Medeniýet ulgamynyň hem çagalar baglarynyň işgärlerine bu kwartiralary üpjün etmegi tabşyrdylar. Munuň daşyndan olar döwlet ýolbaşçysynyň duşuşaýmagy mümkin bolan birnäçe aýaly saýlap, dizaýneriň maslahatyna görä, ýüpekden hem adrasdan milli geýim geýmegi tabşyrdylar. Prezidentiň gelmegine sanly sagat galanda, onuň Dilfuza Hojimatowanyň öýüne barjakdygy mälim boldy. Çinownikler gyssagly suratda onuň içerisini gerekli zatlar bilen bezäp başladylar. Bir ýerden gymmatbaha oturgyçlar getirdiler – diýip, žurnalist aýdýar.

Bu işleri gurnaýjylar oýunyň hakykata laýyk gelmegi üçin gowy alada edip, Muýassar Rahimowany hem Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyga taýýarlaýarlar.

– Ähli mebeller hem öý-hojalyk tehnikasy, şol sanda ýörite enjamlar, aşhanada asylan palmanyň suraty şäher häkimligi tarapyndan wagtlaýynça getirilipdir. Guramaçylar aýallardan prezident bilen duşuşyk mahalynda oňa hiç bir artykmaç sowal bermezligi, diňe oňa alkyş aýtmagy hem täze jaý üçin minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdylar – diýip, gürrüňdeş bolan zenan aýdýar.

Andijan şäher häkimliginiň wekili Azatlygyň telefon gürrüňine gysgaça jogap bilen çäklendi. Ol Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşan ýerli ýaşaýjy Dilfuza Hojimatowanyň eýýäm täze jaýda ýaşaýandygyny, prezident bilen duşuşyga gatnaşan beýleki ýaşaýjylaryň jaý meselesiniň ýakyn wagtda çözüljekdigini aýtdy.

Mirziýoýewi ýene aldatdylar

Şu ýylyň 17-nji maýynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň Andijan şäheriniň «Mustakillik» kowçumyna baryp, ol ýerdäki wagtlaýyn köne jaýlarda ýaşaýan adamlar bilen gürleşendigini ýatladýarys.

– Beýle agyr şertlerde ýaşamak aňsat däl. Aýratyn-da, bu ýerde çagalaryň ösüp-ulalmagy bilen ylalaşyp bolmaz. Bu mähellede diňe çykgynsyz ýagdaý sebäpli ýaşaýarlar. Men adamlaryň durmuş şertleri bilen tanyşmak hem maşgalalaryň mynasyp şertde ýaşamagyna şert döretmek üçin bu ýere geldim – diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Azatlyk bilen gürrüňinde Hurşida Tillýaýewa döwlet ýolbaşçysyny eklenji az bolan maşgalalara täze kwartiralar berildi diýip aldadandygy üçin, ýerli çinownikleri ýazgarýar.

– Men ejemiň eýýäm ýykylmaga degişli bolan çagşan jaýynda ýaşaýaryn. Ýerli çinownikleriň bizi beýle aldap bilşine özüm haýran galýan. Olar bize täze jaý berip, prezident gidensoň bizi köçä çykaranlary üçin, utanmaly diýip hasap edýän. Olar bizi ilki ynandyrýarlar, soňra-da kemsidýärler. Olar owal başda biziň täze jaý almaýandygymyzy aýtmalydylar – diýip, Tillýaýewa aýdýar.

Hurşida Tillýaýewa Azatlygyň redaksiýasyna ýüz tutanyndan soň Andijanyň ýerli häkimleriniň özüni ýalançylykda aýyplamaga synanyşjakdygyny aradan aýyrmaýar.

Şonuň üçin bu zenan prezidentiň gelmegine gabatlap tiken hem «Uzbekistan 24» telekanalynyň reportažynda görkezilen köýnegini geýip, öz ejesiniň ýykylyp başlan jaýynda, biziň redaksiýamyz üçin ýörite wideo ýüzlenme taýýarlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG