Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Hama sebitinde aldym-berdimli söweşler barýar


Soňky 48 sagatda Siriýada barýan söweşlerde azyndan167 adam öldürildi.
Soňky 48 sagatda Siriýada barýan söweşlerde azyndan167 adam öldürildi.

Soňky 48 sagatda Siriýada barýan söweşlerde azyndan 167 adam öldürildi diýip, düýbi Londonda ýerleşýän monitoring topary habar berýär.

Adam hukuklary baradaky Siriýa obserwatoriýasynyň 8-nji iýunda beren maglumatyna görä, yslamçy we hökümete garşy gozgalaňçylar merkezi welaýat Hamada hökümet güýçlerine garşy onlarça raketa atyp, ulag bombasyny ýaryp, hüjüm etdiler.

Şondan soň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly güýçler garşylykly hüjüme geçdiler.

Gözegçi topar hökümet güýçlerine we olaryň ýaran söweşijilerine degişli azyndan 36 söweşijiniň öldürilendigini, hökümete garşy güýçlerden bolsa 28 söweşijiniň öldürilendiginiň habar berlendigini aýtdy.

2018-nji ýylyň sentýabrynda döredilen harbysyzlaşdyrylan zonanyň bir bölegi bolan Hamada soňkybirnäçe günde ýygjam söweşler barýar.

Assadyň rus howa güýçleri tarapyndan goldanylýan harbylaryň apreliň aýagynda Hamada we Idlib welaýatynda hüjüme başlamagy bilen, Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň aýtmagyna görä, müňlerçe adam başga ýere göçdi we azyndan 350 sany asuda adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG