Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda we Daşoguzda sementiň gymmatçylygy oňa isleg bildirýän ýaşaýjylary köseýär


Türkmenistanda öndürilen sement. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda öndürilen sement. Illýustrasiýa suraty.

Mary we Daşoguz welaýatlarynda sement satyn almaga isleg bildirýän ençeme ýerli ýaşaýjy onuň gymmatçylygy sebäpli gurluşyk edip bilmeýändiklerini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri we habarçylary ýurduň dürli künjeklerindäki sement gytçylygy barada habar berýärler.

“Mary welaýatynyň Mary-Baýramaly ýolunyň ugrunda ýerleşýän keramzit kärhanasynda mundan ozal sement haltasy 12 manatdan pasport kopiýa bilen her adama çäkli möçberde 3 haltadan satylýardy. Indi bolsa [satyjylar] haltasy 38 manatdan näçe alsaň bar diýip jogap berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň regiondaky çeşmesi 10-njy iýunda habar berdi.

“Sement gytçylygy sebäpli adamlar gurluşyk edip bilenok” diýip, çeşme sözüne goşdy.

Maý aýynyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Mary welaýatynyň gurluşyk hartylary satylýan kärhanalarynda 50 kilogramlyk 1 halta sementiň 50 manatdan satylýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň senagat pudagyna gözegçilik edýän “Türkmensenagat” agentliginiň maglumatlaryna görä, Mary we Baýramaly şäherlerini birikdirýän şaýoluň ugrunda Wekilbazar etrabynyň “Keramzit beton önümçilik” zawody ýerleşýär.

Çeşmäniň maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, Marynyň “Keramzit beton önümçilik” zawodynda ozal haltasy 12 manatdan satylan sementiň bahasy häzrki wagtda birden 38 manada çykdy.

Bu ýagdaýyň mümkin bolan sebäpleri we jikme-jikligi mälim däl, ýöne ýanwaryň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň öňki Senagat ministrligini ýatyryp, ony “Türkmensenagat” agentligine öwrüpdi hem-de bu agentligi täze döredilen Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine berkidipdi. Türkmen metbugaty şonda toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň üýtgedilip, olaryň paýdarlar jemgyýetlerine öwrülendigini, hususylaşdyrylandygyny habar beripdi.

Sementiň söwdasyndaky kynçylyklar barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi hem 11-nji iýunda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň çägine otly wagonlary arkaly getirilýän sementi döwlet bahasyndan satyn almak üçin, ýük düşürilýän stansiýada uzyn nobatlar emele gelýär; adamlara olaryň pasport kopiýalarynyň esasynda sement satylýar.

“Sement gelýän ýerde uruş, dawa, jenjel köp. Ýöne hemmäň bagty çüwüp sement alyp bilenok. Üç gün garaşybam boş gaýdýanlar bar” diýip, çeşme aýtdy

Sementiň nobatyna gatnaşan çeşmäniň howpsuzlygyny göz öňünde tutup, Azatlyk Radiosy sement satyn almak üçin uzyn nobatlaryň döreýän ýerini mälim edip bilmeýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, her wagon 65 tonna töweregi sement daşaýar.

“Ýönekeý raýatlara 5-10 halta aralygynda sement satylýar. Onuň 50 kilogramlyk 1 haltasy 13 manat, haltalatmak we halta gaplatmak üçin 4 manat tölemeli” diýip, çeşme aýtdy.

Ol semenetiň söwdasynda adamlaryň ala tutulýandygyny; wezipeli adamlaryň adatdan daşary köp mukdarda resmi bahadan sement satyn alyp bilýändiklerini aýdýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, Daşogzuň gurluşyk harytlary satylýan hususy dükanlarynda sementiň 1 haltasy 60-70 manada durýar.

Ýatlasak, maý aýynyň ortalarynda 1 halta sementiň bahasy ýurduň demirgazyk regionynda 80 manatdan aşypdy. Maýyň başynda bolsa 1 halta sement Daşoguzda 40-45 manat aralygynda bahalanýardy.

Türkmenistanda sement öndürýän esasy 4 uly zawod bar. Olardan "Lebap" sement zawody Köýtendag etrabynda, “Baharly” we “Kelete” zawodlary Ahal welaýatynyň çäginde, “Jebel” zawody bolsa Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan sementiň daşary ýurtlara ekporty bilen hem meşgul bolýar.

Hökümeti daşary ýurtdan import edilýän sement üçin 2013-nji ýylda 100 % gümrük salgydyny girizipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG