Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda sementiň hususyýetçilerdäki bahasy iki esse gymmatlady


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Daşogzuň döwlete degişli gurluşyk dükanlarynda sement tapdyrmaýar. Onuň hususyýetçilerdäki bahasy bolsa, soňky bir hepdede tas iki esse gymmatlady diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Şu günler Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda sementiň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 80-86 manat aralygynda satylýar. Mundan bir hepde çemesi öň sementiň bahasy 40-45 manada barabardy.

“Soňky bäş-alty gün bäri Daşoguzda sementiň gytçylygy emele geldi. Sement döwlet dükanlarynda tapdyrmaýar. Hususy eýeçilikdäki dükanlarda-da onuň bahasy gün-günden gymmatlaýar. Ýaşaýjylaryň we döwlet edaralarynda işleýän daşoguzlylaryň ençemesi bu gytçylygyň we gymmatçylygyň sebäplerini ýurtda öndürilýän sementiň türkmen hökümetine ýakyn käbir adamlar tarapyndan daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana eksport edilmegi bilen düşündirýär” diýip, anonim şertde habarlaşan habarçy 16-njy maýda gürrüň berdi.

Habarçy welaýatda mal iýminiň we künjaranyň hem gytçylygynyň emele gelendigini we olaryň bahasynyň hem barha gymmatlaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Daşogzuň bazarlarynda söwdagärler künjaranyň 1 kilogramyny 3 manatdan satýarlar. Mundan ýarym ýyl öň onuň bahasy 2 manatdy. Mal iýminiň 1 kilogramynyň bahasy 1 manat 40 teňňä barabar. Döwlet dükanlarynda bularyň bahasy pes. Ýöne olar döwlet dükanlarynda tapdyrmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ahaldan habarlaşan çeşmesi sement gytçylygynyň bu welaýatda hem dowam edýändigini we ýerli häkimiýetleriň sebite iberilen sementi bikanun beýleki welaýatlara satýandygyny aýtdy.

“Duşagyň halkyna döwlet tarapyndan wagonly gelýän sementi ýerli resmi gijelerine maryly telekeçilere satýar. Obanyň halky sementsiz kösenýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren çeşme 15-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän ýerli resminiň şahsyýeti barada maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasynyň ýokarlanandygy baradaky habarlar şu ýyl ilkinji gezek geçen aýyň ahyrynda peýda boldy. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary nyrhlaryň ýokarlanmagynyň ilkinji nobatda semente degişlidigini we bu önümiň bahasynyň iki esse çemesi gymmatlandygyny aýdypdylar.

“Şu günler Türkmenistanyň Mary welaýatynda sementiň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 50 manada ýetip, Daşoguzda 40-55 manat aralygynda satylýar. Mundan öň sementiň bahasy 15-18 manatdy” diýip, anonim şertde habarlaşan habarçy gürrüň beripdi.

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasynyň ýokarlanmagy ýurtda bir aýdan gowrak wagtlap dowam eden ýagynlaryň birnäçe regionyň infrastrukturasyna zyýan ýetirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Mart aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde wagtal-wagtal ýagan ýagyn jaýlara, ýerzeminlere, gara ýollara we demir ýollara zeper ýetiripdi.

Şeýle-de, ýurtda adatça ýaz paslynyň gelmegi, howanyň maýlap başlamagy bilen, mellek ýerlerinde jaý gurmak ýa-da öňden bar jaýlarda rejeleýiş işlerini geçirmek çäreleriniň depgini güýçlenýär. Sement bu işlerde iň köp ulanylýan gurluşyk önümi hasaplanýar.

Häzirki wagt Türkmenistanda dört sany sement öndüriji kärhana bar. Olar Ahal welaýatynyň Kelete we Baharly etraplarynda, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Bu kärhanalaryň her biri ýylda 1 million tonna çenli sement öndürmäge ukyply.

Resmi medianyň maglumatlaryna görä, Lebapdaky sement zawody 2018-nji ýylda agzalan kuwwata laýyk 1 million tonna sement öndüripdir we 250 müň tonna sementi Owganystana we Özbegistana eksport edipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG