Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul etdi


Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Arhiw suraty.
Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Arhiw suraty.

Kasym-Žomart Tokaýew, halkara gözegçileriniň atlandyryşy boýunça “giň ýaýran büdüzgünçilikler” esasynda we ýüzlerçe parahat protestçiniň tussag edilmegi bilen geçen saýlawlardan soň, Gazagystanyň täze prezidenti hökmünde inagurasiýa edildi.

Ozalky awtoritar prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan seçilen Tokaýew 12-nji iýunda paýtagt Nur-Soltanda, Garaşsyzlyk köşgünde gurnalan dabarada kasam kabul etdi.

66 ýaşyndaky prezidentlige kandidat 9-njy iýunda geçirilen irki prezident saýlawlarynda, resmi taýdan yglan edilen soňky netijelere görä, sesleriň 71 prosentine golaýyny aldy.

30 ýyla golaý häkimiýet başynda bolan we resmi taýdan martda işden çekilen Nazarbaýewden ak pata alansoň, Tokaýewiň ynamdar ýeňiş gazanmagyna giňde garaşylypdy.

Nazarbaýew henizem möhüm syýasy orunlaryň birnäçesini eýelemegini dowam etdirýär we şindi hem energiýa baý merkezi aziýa ýurdunda we öz partiýasy Nur-Otanyň içinde uly ygtyýarlyklara eýe bolup durýar. Tokaýew Nur-Otanyň kandidaty bolupdy.

Gazagystanyň çar künjeginde kampaniýa mahalynda we saýlaw döwründe, hatda ses berişlikden soň hem adalatlygyň ýoklugy üçin protest aksiýalary geçirildi.

Gazagystanyň öňdebaryjy adam hukuklary toparlarynyň ikisi hökümeti ýüzlerçe protestçiniň tussag edilmeginiň sebäplerini hemme taraplaýyn derňemäge çagyrdy.

Olar polisiýanyň Nur-Soltanda we ýurduň iň uly şäheri bolan Almatyda, beýleki şäherlerde protestçilere garşy zerur bolmadyk derejede zorluk ulanandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG