Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protest liderleriniň Sudanyň harby dolandyryjylary bilen duşuşyga razy bolandygy aýdylýar


“Iki tarap hem basym gepleşikleri dikeltmäge razy boldy” diýip, iki tarapyň arasynda araçylyk edýän Mahmoud Drir aýtdy.

Oppozisiýa liderleri tapgyrlaýyn protestleri bes etmek we Sudanyň dolandyryjy harby geňeşi bilen gepleşikleri dikeltmek barada ylalaşyga geldiler diýip, efiopiýaly araçy aýtdy.

Dolandyryjy generallar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 11-nji iýunda harbylaryň asuda adamlaryň raýat boýun egmezligi kampaniýasynyň garşysyna gören soňky zorlukly çärelerini ýazgarandan soň çykan maglumaty tassyklamadylar.

Ýokary derejeli ABŞ diplomaty harbylara protestçileri basyp ýatyrmagy bes etmek we raýat dolandyryşyna geçmek barada basyş görkezmek üçin Sudana gitmäge taýýarlanýar.

Efiopiýanyň premýer-ministriniň konflikte araçylyk etmäge synanyşýan wekili “Azatlyk we Özgerişlik üçin raýat ýaranlygy raýat boýun egmezligi kampaniýasyny şu gün bes etmäge razy” diýdi.

“Iki tarap hem basym gepleşikleri dikeltmäge razy boldy” diýip, iki tarapyň arasynda araçylyk edýän Mahmoud Drir aýtdy.

Howpsuzlyk geňeşi taraplaryň ählisini “häzirki krizisi çözmek üçin bilelikde işleşmäge" çagyrdy we Afrikan ýolbaşçylygyndaky diplomatiki tagallalary goldady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG