Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň liwanly tussagy boşatmagyny gutlaýar, beýleki tussaglar barada umyt edýär


Nizar Zakka, Beýrut, 11-nji iýun, 2019.

Birleşen Ştatlar Eýranyň Waşingtonyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp tussag edilen liwanlynyň azatlyga goýberilmegi baradaky kararyny gutlady we munuň Tähran tarapyndan saklanylýan beýleki amerikanlaryň hem azat edilmegine getirmegine umyt baglady.

Döwlet departamenti 11-nji iýunda Waşingtonyň Nizar Zakkanyň boşadylmagyndan “örän hoşal” bolandygyny aýtdy we Liwanyň bu “bikanun tussaglygyň” soňlanmagynda oýnan roluny öwdi.

"Biz jenap Zakkanyň boşadylmagy Eýrandaky amerikan tussaglary üçin oňyn alamat diýip umyt edýäris” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi aýtdy.

ABŞ resmileri dürli aýyplamalar esasynda saklanan eýran-amerikan goşa raýatlarynyň birnäçesini türmeden boşatmagy talap etdiler. Tähran özüniň goşa raýatlygy kabul etmeýändigini aýdýar.

Zakka türmeden boşadylanyndan soň 11-nji iýunda Beýruta geldi.

Waşingtonda ýaşaýan we ABŞ-nyň ýaşyl kartynyň eýesi bolan Zakka Arap IT guramasynyň başlygy bolup, Ýakyn Gündogarda interneti ösdürmegi wagyz edýär.

52 ýaşyndaky Zakka 2016-njy ýylda sud içalyçylykda günäli tapanyndan soň, 10 ýyl türme tussaglygyna we 4.2 million dollar jerime tölemäge höküm edildi. Ol bu aýyplamany ret edýär.

Eýran sudunyň sözçüsi biraz öň Zakkanyň “şertli boşadyljagyny”we liwan häkimiýetlerine beriljekdigini aýtdy.

Sözçi Gholamhossein Esmaili Zakkanyň boşadylmak şertiniň detallaryny aýtmady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG