Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada derňewçi žurnalistiň goldawyna ýöriş etjekler toplanýar


Guramaçylar ýygnanyşyk üçin rugsat alyp bilmändiklerini aýtdylar.
Guramaçylar ýygnanyşyk üçin rugsat alyp bilmändiklerini aýtdylar.

Jenaýat işiniň ýatyrylmagyna we öý tussaglygyndan boşadylmagyna garamazdan, neşe aýyplamalarynda aýyplanan derňewçi žurnaliste goldaw üçin gurnalan ýörişe gatnaşjaklar toplandy.

Emma guramaçylar feýsbukda 12-nji iýunda Iwan Golunowyň azatlygy üçin gurnaljak ýörişe 11-nji iýun güni giçlik şäher häkimiýetlerinden tassyknama alyp bilmändiklerini we adamlary ýygnanyşmaga çagyryp bilmeýändiklerini habar berdiler.

Içeri işler ministri Wladimir Kolotsew 11-nji iýun güni giçlik Golunowa bildirilen günäleriň jenaýat edendigine subutnamanyň ýoklugy zerarlyýatyrylandygyny, şondan soň onuň azatlyga goýberilendigini habar berdi.

Emma feýsbukda 25 müňe golaý adam özleriniň 12-nji iýundaky ýörişe gatnaşmagy planlaşdyrandygyny ýa-da munuň bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Bu ýöriş Golunowyň azat edilmegine basyş üçin gurnaldy.

Guramaçylar adamlaryň demonstrasiýa çykmak ýa çykmazlyk kararynyň özlerine degişli bolmalydygyny aýtdy we onlarça protestçi Moskwada bellenen ýöriş meýdançasynda öňünden toplandy. Orsýetiň beýleki şäherlerinde hem ýyganyşyk geçirmek planlaşdyryldy.

Golunow 6-njy iýunda uly möçberde neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanyp, öý tussaglygyna höküm edildi. Žurnalist we onuň goldawçylary bu aýyplamalary ret etdiler we olaryň syýasy äheňlidigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG