Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Omanyň aýlagynda hüjüme sezewar bolandygy habar berlen tankerler we olaryň ekipažy halas edildi


Omanyň aýlagynda hüjüm edilendigi aýdylan tanker. 13-nji iýun, 2019 ý

Omanyň aýlagynda hüjüm edilendigi habar berlen nebit önümlerini daşaýjy tankerde ýangyn çykandan soň, ekipažyň onlarça agzasy halas edildi.

13-nji iýunda bolan bu waka Birleşen Arap Emirlikleriniň golaýynda dört tankere hüjüm edilmegi bilen pars aýlagynda Tähran bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlygyň artmagyndan bir aý soňa gabat geldi.

Gämi operatorlary "Batyr Kokuka" tankeriniň 21 ekipažynyň hem-de "Front Altairdan" 23 adamyň howpsuz ýagdaýda halas edilendigini aýtdy.

Eýranyň döwlet metbugaty gämide dörän ýangyndan soň, Eýranyň 44 adamy halas edendigini hem-de olaryň Eýranyň portuna geçirilendigini habar berdi.

Ekipažyň bir agzasynyň çala ýaralanandygy aýdylýar.

Ýapon hökümeti tankerleriň “ýaponlara degişli” ýükleri daşaýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Bahreýinde ýerleşýän 5-nji Deňiz floty özüniň biraz ozal betbagtlyk signalyny alandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlaryň Deňiz flotyn degişli gämileriň ýardam berýändigini belledi.

Britan Deňiz güýçleri tarapyndan dolandyrylýan Birleşen Şalygyň Deňiz söwda operasiýalary howpsuzlyk topary sebitde “aşa seresaplylyga” çagyrdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG