Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze barlagyň netijelerine görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher


Aşgabatda iňrik garalýar. Illýustrasiýa suraty.

ECA International toparynyň geçiren soňky barlaglaryna görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy.

Dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylary öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň 13-nji iýunda çap eden soňky hasabatyna görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy.

“Aşgabadyň alan derejesi käbir adamlary geňirgendirmegi mümkin, ýöne Türkmenistanyň soňky ýyllarda duçar bolýan ykdysady we walýuta kynçylyklaryndan habarly adamlar munuň şeýle boljakdygyny bilendir. Inflýasiýanyň derejesiniň yzygiderli galmagy, walýutanyň belli-meşhur bikanun gara bazar bilen goşalanyp, importa durýan harytlaryň bahalaryny gymmatlatdy. Şeýlelikde, walýutanyň resmi bahasyna görä, paýtagt Aşgabada sapar edýänler üçin nyrhlar juda gymmatlady. Bu ýagdaý Aşgabady sanawyň iň depesine ymykly oturtdy” diýip, ECA Internationalyň wekili Stiwen Kilfedder (Steven Kilfedder) aýtdy.

2018-nji ýylda Türkmenistan dünýädäki şäherleriň gymmatçylygy we arzançylygy boýunça döredilen sanawda 111-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Barlagda degişli şäherlerdäki iýmit önümleriniň we hojalyk harytlaryň bahalary, şeýle-de gündelik durmuşa degişli beýleki zerur çykdajylar öwrenilipdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG