Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Täjigistanyň türmesindäki ýowuz gozgalaňa özüniň jogapkärdigini öňe sürýär


Täjik türmesi

“Yslam döwleti” ekstremist topary 20-nji maýda Täjigistanyň türmesinde 32 adamyň ölümine sebäp bolan gozgalaňa özüniň jogapkärdigini öňe sürýär.

14-nji iýunda söweşiji topar özüniň “Al-Nabaa” online neşirinde çap eden maglumatynda Duşenbäniň 15 kilometr gündogarynda ýerleşýän we ýokary derejede goralýan türmedäki “hüjümçileriň halyfatyň esgerleridigini” aýtdy. “Yslam döwleti” topary “halyfatyň esgerleri” aňlatmasyny dünýäniň dürli künjeginde amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlere özüniň jogapkärdigini öňe sürmek üçin mundan öň hem ulanypdy.

“Yslam döwleti” topary özüniň bu aýdanyny goldaýan delilleri köpçülige ýetirmedi.

Maý aýynda Täjigistanyň Içeri işler ministri gozgalaňda ölen 32 adamdan 17 sanysynyň “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzasy bolmakda türmä basylan tussaglardygyny aýtdy.

Täjik ministrligi wakada Täjigistanyň gadagan edilen oppozision Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň hem üç agzasynyň, şeýle-de başga-da dokuz tussagyň we üç sany türme sakçysynyň öldürilendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG