Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD toparyndaky täjik söweşijisi 'özüni dowzahdan halas etmek' üçin, garyndaşlaryndan $6000 talap edýär


Parwiz Saidrahmanow (Abu Dowud)
Parwiz Saidrahmanow (Abu Dowud)

“Yslam döwleti” toparyndaky täjik söweşijisi Abu Dowud özüni dowzahdan gutarmak üçin, gyssagly ýagdaýda 6 müň dollar ibermeklerini garyndaşlaryndan talap edipdir.

Parwiz Saidrahmanow 2014-nji ýylda Moskwada gazanç üçin işläp ýören ýerinde, Yraga gidip, “Yslam döwleti” toparynyň hataryna goşulandan soň, adyny Abu Dowuda üýtgedip, sosial ulgamlarda bu toparyň syýasatyny ýaýradypdy. Soňky iki ýylda ondan habar bolmandy, bir aý mundan öň bolsa öz hossarlaryna ses ýazgysyny ýollap, bir tanşyna pul ýollamagy sorapdyr. Pul, hamana, Maltada pasport taýýarlamaga hem ýol harjyna gerekmiş.

Bu audiohabar ol söweşijileriň Siriýadaky soňky daýanjy bolan Balguz synandan soňky möhlete gabat gelýär. Şonda habar serişdeleri söweşijileriň köpüsiniň şol töwereklere siňendigini habar beripdi. Olaryň arasynda Saidrahmanowyň bardygy ýa-da onuň häzir nirededigi belli däl.

Parwiz Saidrahmanowyň Orsýetde işleýän garyndaşy Suhrob Rahimowyň 7-nji iýunda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Abu Dowudyň pul ibermek haýyşyna onuň ejesi hem aýal dogany seslenmändir we bu barada haýal etmän täjik hem rus kanun goraýjylaryna habar beripdirler.

Russiýa Parwiz Saidrahmanowy bu ýurtda birnäçe terror aktyny gurandygy sebäpli Interpol arkaly gözleýär.

«Оl birnäçe audiohabar ýollapdyr, ýöne garyndaşlaryndan hiç biri onuň haýyşyna seslenmänsoň, gatnaşygy kesipdir. Ejesi hem aýal dogany oňa pul ýollasa, terroriste maliýe kömegini beren hasaplanyp, jogapkärçilige çekilmekden gorkupdyrlar. Sebäbi ol terrorist hökmünde gözlenýär, şonuň üçin hossarlary hökümetlere aýdypdyrlar» diýip, Suhrob Rahimow aýdýar.

Onuň sözüne görä, Abu Dowud hossarlaryndan pul sorasa-da, özüniň nirededigini ýaşyrypdyr.

“Siriýanyň demokratik güýçleri” topary “yslam döwleti” toparynyň soňky mesgenine kontrollyk edýändigini aýdanyndan soň, hossarlary onuň Siriýadan habar ýollandygyny çaklaýarlar. Bu ýerde esasan ençeme müň söweşijiniň, şol sanda maşgalalary bilen toplanan ýeri Barguz nazarda tutulýar. Kürt bölümlerine ençeme daşary ýurtly hakynatutmalary ele salmak başardypdy, olaryň arasynda täjiklerem bardy.

Siriýanyň erkin goşuny saklananlaryň arasynda Parwiz Saidrahmanow (Abu Dowud) atly täjigiň ýokdugyny aýdýar. Ýöne söweşijileriň köpüsi hakyky adyny hem ýurduny ýaşyrýarlar.

Siriýadaky El-Hasaka bosgunlar lagerinde ýerleşdirilen täjik aýallarynyň sözüne görä, mundan ýarym ýyl öň Abu Dowudyň asly Kawkazdan bolan aýaly dört aýlyk çagasy bilen kürtlere ýesir düşüpdir. Onuň täjik aýallaryna aýtmagyna görä, ol ýesir düşnde, adamsy Siriýanyň başga etrabynda eken.

Täjigistanyň IIM-si Parwiz Saidrahmanowy howply jenaýatçy hökmünde gözleýär. Kanun goraýjy guramalar onuň nirededigini takyk bilmeýärler. 2015-nji ýylda hakynatutma söweşiji hökmünde Abu Dowudyň garşysyna jenaýat işi gozgalypdy.

Duşanbe şäheriniň ýaşaýjysy bolan Parwiz Saidrahmanow ýa-da Abu Dowud 2014-nji ýylyň ortalarynda Orsýetden Yraga gidipdir. Hossarlarynyň sözüne görä Abu Dowud Orsýetde wagtynda “YD” emissarlarynyň Kawkaz toparynyň täsirine düşüpdir. Ol Yrakda hem Siriýada 5 ýyldan gowrak söweşlere gatnaşypdyr. Ol Siriýada Rakkiden hem Yrakda Mosuldan ýaş täjigistanlylary “YD” toparyna goşulmaga çagyryş edýän wideolary yzygiderli ýaýradypdy.

Ol sosial torlardan propaganda rolikleri, şol sanda Täjigistanyň IIM-niň öňki OMON komandiri, gaçgak Gulmurod Halimowyň we beýleki “YD” söweşijileriň ýüzlenmesini ýaýradypdy. Şol toparda Abu Dowud täjik raýatlarynyň arasynda esasy figuralardan biri saýylýar. Onuň ölümi barada birnäçe maglumat ýaýrasa-da, soň ol ýalan bolup çykdy.

Täjik raýatlarynyň “YD” toparynyň täsirine düşmegini öwrenýän ekspert Faridun Hodizoda ol topar öz emissarlaryny dürli ýollar bilen ýaşyrmaga çalyşýarlar, sebäbi şolaryň güýji bilen öz toparlaryna täze adamlary çekmek isleýärler diýdi.

Onuň sözüne görä, kürt söweşijileri belli bir möçberdäki pul bilen “YD” toparyna girýänleri ýesirlikden halas edip, gizlin biznesi ýola goýupdyrlar.

«Şonuň üçin ol öz hossarlaryndan pul soraýandyr. Käbir maglumatlara görä, kürtler pul bilen “YD” söweşijileri halas edýärler, olar bolsa Türkiýä, Owganystana, hatda Ýewropa ýurtlaryna aralaşýarlar» diýip, ekspert aýdýar.

Abu Dowudyň ady Täjigistanda, Russiýada hem Şwesiýada gozgalan terroristleriň jenaýat işlerinde geçýär. 2017-nji ýylda Şwesiýada terror aktyny geçiren Özbegistanyň raýaty Rahmat Akilow özüniň Abu Dowud-at-Toçikiniň wideo ýüzlenmelerinden soň, “YD” söweşijiler toparyna goşulandygyny sudda boýun alypdy.

2017-nji ýylyň iýunynda Abu Dowud Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna wideo ýollap, kiçi ýaşly gyzy Sumaýe barada reportaž taýýarlan žurnalistlerden öç aljakdygyny aýdypdy.

AR-nyň Täjik gullugynyň materialy.

XS
SM
MD
LG