Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Siriýadan hem Yrakdan öz 156 raýatyny çykardy


Ýakyn Gündogardan getirilen aýallar hem çagalar güýç ulanyjy toparlaryň ugratmagynda uçardan çykýarlar. Daşkent. 2019-njy ýylyň 30-njy maýy
Ýakyn Gündogardan getirilen aýallar hem çagalar güýç ulanyjy toparlaryň ugratmagynda uçardan çykýarlar. Daşkent. 2019-njy ýylyň 30-njy maýy

Özbegistanyň hökümeti aýratyn awiareýs bilen Ýakyn Gündogardan özüniň 156 raýatyny getirdi. Daşkende getirilenleriň aglaba köplügi aýallar hem çagalar.

Özbegistanyň 156 raýatyny Siriýadan hem Yrakdan getiren uçar 30-njy maýda Daşkent aeroportynda gondy. Hökümet tarapyndan ýaýradylan foto suratlarda milli awialaýnerden düşüp gelýän aýallar hem çagalar görünýär, olaryň arasynda eli ýaş bäbekliler hem bar. Egni kamuflýažly, ýüzi örtügli – olar güýç ulanyjy toparyň aýratyn ähmiýetli gullukçylary bolsa gerek – çagalaryň elinden tutup barýarlar. Uçardan düşen bir aýal bolsa, asfaltyň üstüne baş egip, megerem, içki tolgunmasyna bäs gelip bilmän, mähriban topragyna dodagyny basypdyr.

Özbegistanlylaryň Ýakyn Gündogardan gelenlerden bir aýal uçaryň fonunda başyny ýere goýýar. 30-njy maý, 2019-njy ýyl.
Özbegistanlylaryň Ýakyn Gündogardan gelenlerden bir aýal uçaryň fonunda başyny ýere goýýar. 30-njy maý, 2019-njy ýyl.

«Aldawa düşüp, biziň ýurdumyzy terk eden, soňra agyr durmuş şertlerini başdan geçiren bu adamlara hökümet medisina, psihologiki, maddy we ruhy kömekleri berer» diýip, Özbegistan prezidentiniň metbugat gullugy aýdýar. Hökümetler gaýdyp gelenlere “parahat durmuşa öwrenişmek hem jemgyýete garyşmak üçin zerur bolan şertleri döretmäge, olara bilim almaga hem beýleki sosial ýardamlara, şol sanda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge, işe ýerleşdirmäge ýardam etjekdigine” wada berýär.

Özbegistan Merkezi Aziýada Ýakyn Gündogardan öz raýatlaryny çykaryp bilen üçünji ýurt boldy. Olar birnäçe ýyl mundan öň çaknyşyklar gurşap alan Siriýa hem Yraga gidipdiler.

Siriýadan dolanan çagaly aýallar. Daşkent. 2019-njy ýylyň 30-njy maýy.
Siriýadan dolanan çagaly aýallar. Daşkent. 2019-njy ýylyň 30-njy maýy.

Mundan öň ynsanperwer operasiýalary diýlip atlandyrylýan çäreler bilen Gazagystan hem Täjigistan hökümetleri öz adamlaryny getiripdiler.

7-9-njy maýda Gazagystan Siriýadan 231 raýatyny çykaryp bildi. Hökümetleriň aýtmagyna görä, «getirilenleriň arasynda mekdep ýaşyna ýetmedik 156 çaga bar eken, olardan 18 sanysy ýetim». Olaryň getirilmegi ýanwar aýynda başlanan «Žusan» operasiýasynyň dowamydyr. 9-njy ýanwarda Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursultan Nazarbaýew Siriýadan 47 gazagystanlynyň dolanandygyny aýdypdy. Nazarbaýewiň şol wagt aýtmagyna görä, «aýallar hem 30-a golaý çaga» bardy.

13-nji maýda Gazagystanyň daşary işler ministrligi Siriýadan ýurda getirilen 16 erkek adam hem 4 aýal terror işleri bilen baglanyşykly saklandy diýip habar berdi.

2018-nji ýylyň iýulynda Gazagystanyň milli howpsuzlyk komiteti (MHK) Ýakyn Gündogarda uruş başlanany bäri Siriýa hem Yraga Gazagystanyň 800 çemesi raýaty gitdi diýip habar beripdi. Ýakyn Gündogarda galýan gazagystanlylaryň sany takyk mälim däl.

Şu ýylyň aprelinde Täjigistan Yrakdan 84 täjik çagalaryny Duşenbä getirdi. Olar ekstremistik toparyň toruna düşüp, Ýakyn Gündogara giden täjik söweşijileriniň çagalary bolmaly. Olaryň köpüsiniň kakalary “yslam döwleti” diýilýän toparyň Siriýanyň hem Yragyň territoriýasynda köp ýerleri basyp alanda uruşda ölüpdirler. Olaryň ejelerini bolsa Yrakda terroristlere kömek bermekde aýyplanyp tussag edipdiler. Resmi maglumata görä häzirki wagtda Yrak türmelerinde Täjigistanyň 43 raýaty öz jeza möhletini çekýär.

Şu ýylyň fewralynda Gyrgyzystanyň daşary işler ministrligi öz graždanlaryny Siriýadan hem Yrakdan getirmek üçin, iş alyp barýandygyny aýtdy. Olaryň kimligi tassyklanýar hem ýurtdan giden gyrgyzystanlylaryň sany anyklanýar. Mundan öň Siriýada Gyrgyzystanyň raýaty bolan bir aýal özüniň ýurda dolanmagy üçin, gyrgyz hökümetine ýüz tutupdy.

Söweş hereketleriniň gidýän ýeri bolan Ýakyn Gündogara 2013-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýadan müňlerçe adam gidipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG