Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Hitrowka sebitindäki ýaşaýyş jaýynda ýangyn döredi


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň Hitrowka atly bölegindäki dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ýangyn döredi diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy ýangynyň 12-nji iýunda Hitrowkanyň metjidiniň golaýyndaky, Çapaýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň birinde öýlän sagat 15:00 töweregi dörändigini aýtdy.

“Sowadyjynyň partlamagy netijesinde ýaşaýyş jaýynyň bir otagy doly ot aldy. Sebäbi ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri wakanyň bolan ýerine çagyrylandan bir sagat çemesi soň geldi. Wakada adam ýitgisi bolmady, ýöne maşgalanyň pişigi demigip heläk boldy” diýip, habarçy 17-nji iýunda gürrüň berdi.

Waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ýangynyň döremegine ýaşaýyş jaýynyň balkonyna zyňylan çekilen çilim galyndysy sebäp bolupdyr.

“Ýöne häzirlikçe ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri hem ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygyny aýtmaýarlar. Waka şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, ýangynyň möwjäp, ýaşaýyş jaýyň beýleki böleklerine hem ýaýramagyna ýangyn söndüriji gullugyň işgärleriniň öz wagtynda gelmezligi sebäp boldy” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada Aşgabadyň ýangyn söndüriji edarasyndan maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda döreýän ýangyn hadysalary baradaky maglumatlary ilat köpçüligine adatça ýetirmeýärler.

Aşgabat şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbirinde ýangynyň döremegi bilen bagly mundan ozal hem maglumatlar peýda bolupdy.

Geçen ýylyň maýynda Aşgabadyň Parahat-6 etrapçasyndaky 69-njy jaýda ýangynyň dörändigini Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdiler. “Türkmen.News” neşiri wakada bir göwreli enäniň we onuň 6 ýaşyndaky oglunyň heläk bolandygyny mälim edipdi. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu maglumaty degişli resmilere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmandy.

“World Life Expectancy” saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan ýurtda ýangyn hadysasynda wepat bolýanlaryň sany boýunça 172 ýurduň hatarynda Madagaskar, Merkezi Afrika we Benin ýaly döwletleriň edil yzynda 36-njy ýerde ýerleşdirilýär.

Bütindünýä saglyk guramasy, Bütindünýä banky we beýleki käbir halkara guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp, dünýä ilatynyň ýurtlara görä ömrüniň dowamlylygy boýunça statistiki hasabatlary çap edýän “World Life Expectancy” saýtynyň geçen ýylyň mart aýynda beren maglumatynda Türkmenistanda her 100 müň adamdan 9 töweregi adamyň ýangyndan jan berýändigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG