Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň tigriň üstünde sapançadan ok atyşy sosial medianyň we halkara metbugatynyň ünsüni çekdi


'Türkmenator': Berdimuhamedow ýene harby ukyplaryny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

'Türkmenator': Berdimuhamedow ýene harby ukyplaryny görkezdi

13-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýaragly güýçlerini duýdansyz barlady hem-de gije ýarymdan agandan soň, milli goşuny söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Şol gün ýurduň döwlet telewideniýesi harby tälim-türgenleşiklere gatnaşyp, ýene-de bir gezek özüniň “harby ussatlyklaryny” sergilän prezidenti görkezdi.

Abraýly halkara neşirler we sosial media hasaplary Gurbanguly Berdimuhamedowyň tigriň üstünde nyşana sapançadan ok atýan wideosyny hem-de ýük ulagyna meňzeş ulagyň awtomatiki görnüşde açylýan gapysynda prezidentiň peýda bolup, ulagyň basgançaklaryndan harby salam bilen düşýän pursatlaryny giňden paýlaşdy.

Prezident ýurda zyýan ýetirmekçi bolýanlaryň ýüreklerine gorky saldy.
Russia Today

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Russia Today kanaly özüniň resmi websaýtynda çap eden habarynyň sözbaşysynda: “Türkmenistanyň prezidenti tigriň üstünde ok atmak boýunça tejribe geçýär, sebäbi... näme üçin geçmejek?” diýýär.

Prezident tigriň üstünde sapançadan ot açyp, “bu merkezi Aziýa ýurduna zyýan ýetirmekçi bolýanlaryň ýüreklerine gorky saldy” diýip, Russia Today ýaňsylaýar.

Neşir prezidentiň harby türgenleşige altynsow Mersedes ýük ulagynda gelmegini teswirläp, ulagyň basgançaklarynyň awtomatiki usulda açylýandygyna ünsi çekýär; şeýle basgançaklaryň köplenç kinolardaky asman gämilerinde bolýandygyny aýdýar.​

Ýaş esgerleri ruhlandyrmak üçin ...

​Beýik Britaniýanyň “The Sun” neşiri prezidentiň “ýaş esgerleri ruhlandyrmak” üçin tigriň üstünde yraň atyp, ok atandygyny aýdýar.

Prezident “welosipediň üstünden nyşanalary urmak bilen, harby gullukçylara, aýratyn-da, ýaş esgerlere nusgalyk görelde görkezýär” diýip, Beýik Britaniýanyň “The Telegraph” neşiri Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” websaýtyny sitirleýär.

Neşir prezidentiň paýtagt Aşgabatda ak mermeriň üstünde oturdylan altyn atyň üstündäki heýkelini okyjylara ýatladýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda oturdylan heýkeli
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda oturdylan heýkeli

Meşhur “Daily Mail” neşiri prezidentiň sapançadan atan oklaryna şübheli çemeleşýär; nyşana degýän oklary görkezýän wideolaryň montaž edilen bolmak ähtimallygyna ünsi çekýär.

Rus dilinde habarlary çap edýän köpçülikleýin media we metbugat serişdeleri, şol sanda “Telekanal Zwezda”, NTW we lenta.ru ýaly neşirler hem prezidentiň gijäň ýary harbylary oýaryp, welosipediň üstünde sapançadan atan oklary barada habar berdi.

Russiýanyň NTW kanaly prezidentiň tigriň üstünde oturyp, üç nyşanany mergenländigini aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti welosiped sürýän wagty sapançadan nyşanany mergenleýär, [munuň] sebäbi mese-mälim.
Twitter ulanyjysy

Prezidentiň soňky wideosy barada hatda Indoneziýanyň habar neşirleri hem maglumat çap edipdir.

Ýöne halkara metbugat serişdeleri tigriň üstünde Berdimuhamedowy görkezse-de, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklary hem-de ýurtdaky esasy iýmit önümleriniň gytçylygyny we gymmatçylygyny agzamady.

Eurasianet.org saýtynyň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Peter Leonard Gurbanguly Berdimuhamedowyň tigriň üstünde ok atýan pursatlaryny görkezýän wideony özüniň Twitter hasabyndan paýlaşdy.

“Türkmenistanyň prezidenti welosiped sürýän wagty sapançadan nyşana mergenleýär, sebäbi mese-mälim” diýip, Leonard ýazýar.

Bu twiti 1500 töweregi adam retwitläp, 3500 töweregi adam hem halapdyr.

Maglumatyň aşagynda teswir galdyran bir ulanyjy “Tigirli goşun” diýip, kommentariý goýupdyr.

Harby synçylar dünýä ýurtlarynyň döwrebap goşun düzümlerinde “Pyýada goşunyň” bardygyny, ýöne “Tigirli goşunyň” heniz ýokdugyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň YouTube sahypasynda paýlaşylan degişli wideo onmüňlerçe gezek tomaşa edildi.

Tomaşaçylaryň arasynda teswir galdyran sosial media ulanyjylarynyň biri: “Gowusy men dymaýyn. Mende aýdara söz ýok öýdýärin” diýýär.

Beýleki bir ulanyjy türkmen halkyna sabyr dileýär.

“Ýaşyl gözli taksi” atly ulanyjy: “Şu çynmy?” diýip, gözlerine ynanmany soraýar.

Ýene bir YouTube ulanyjysy “ertekilerdäki ýaly” diýip, birnäçe sany skobka, ýagny ýaý belgisini galdyrýar.

Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýiti kemsidilýändigini aýdýarlar. Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça soňky hasabatynda Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan hem ozup, bu hasabatda 180 ýurduň arasynda iň soňky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG