Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda şeker nobatlarynda dawa döreýär


Döwletiň gözegçiligindäki azyk dükany, Aşgabat, Maý, 2019

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygynyň saklanýandygyny, hususan-da soňky günlerde şekeriň satuwda seýrek bolýandygyny we nobatlaryň döreýändigini habar berýärler.

- Soňky günlerde Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker tapdyrmaýar. Käbir dükanlarda şekeriň skladlarda ýokdugyny aýdýarlar, diýip habarçymyz aýdýar.

Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynyň işgärleri şekeriň bir hepdeläp getirilmeýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, gyt harytlaryň satuwda bolmadyk wagtynda-da, paýtagt ýaşaýjylary azyk önümlerini döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satyn almak tamasy bilen dükanlaryň öňüne baryp, nobata durýarlar.

Soňky günlerde şekerden başga iň köp talap edilýän harytlar tüwi we pagta ýagydyr. Döwlet dükanlarynda her bir alyja bir kilogram şekerden we 3 kilogram tüwiden köp satylmaýar.

​Azyk önümleriniň söwdasy köplenç dükanlaryň howly tarapyndan amala aşyrylýar.

Nobata duran adamlaryň sany 100 adama ýetýär. Nobatlarda ýaş çagaly zenanlary, garry adamlary we ýetginjekleri görmek mümkin.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, azyk nobatlarynda birnäçe sagat durup bir kilogram şekeri satyn alan we soň ony üstüne iki manat goşup satýan adamlary hem görmek mümkin.

Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň satuwda bolmadyk wagtynda-da, nobatlar saklanýar we gyt harytlaryň satylyp başlanmagyna tamakin adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň, hatda ýakalaşyklaryň döreýän halatlary bolýar.

- "Garagum" dükanynda şeker nobatynda ýakalaşyk döredi we üç adam dördünji birini ýençdi, ol agyr ýagdaýda keselhana alnyp baryldy - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri gürrüň berdi.

Agzalan dükanyň işgärleri ýakalaşma bolandygyny tassyklamadylar. Şol bir wagtda-da, olar şekeriň dükana bir hepde bäri getirilmändigini habar berdiler.

Türkmenistanda döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleri bazarlara we hususy dükanlara garanda esli azan satylýar. Şu günki gün şekeriň bahasy bir kilogramyna 7 manat, tüwiniň bahasy 8 manat derejesinde saklanýar. Bazarda şekeriň bir kilogramy 12 manatdan, tüwiniň 20 manatdan satylýar.

​Şu günler Türkmenistanda döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň dörän gytçylygynyň we uly nobatlarynyň fonunda kesgitli bahalar bazarlarda hem ýöredilýär.

"Gülüstan" bazarynda iýmit önümleriniň bahalaryny görkezýän bildiriş, Aşgabat
"Gülüstan" bazarynda iýmit önümleriniň bahalaryny görkezýän bildiriş, Aşgabat

Aşgabadyň bazarlarynda ýerleşdirilen bildirişlerde Söwda ministrliginiň kesgitlän nyrhlaryna görä, tüwiniň bahasy bir kilogramy 15 manat we etiň bahasy 25 manat derejesinde görkezilipdir.

Türkmenistanda azyk gytlygy iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýär, un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we ýumurtga ýaly esasy azyk önümleri wagtal-wagtal satuwdan aýrylýar.

​Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi resmi derejede boýun almaýar.

Türkmen ýolbaşçylary 2019-njy ýyl üçin "Türkmenistan rowaçlygyň watany" diýen şygary saýlap aldylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG