Ýewropa Bileleşiginiň 28 ýurdunyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary boýunça strategiýanyň täze görnüşini tassykladylar diýip, TASS habar gullugy Lýuksemburgdan habar berýär.
Bu ýerde hepdäniň birinji güni ÝB Geňeşiniň maslahaty geçirildi. Gürrüňi edilýän strategiýanyň ilkinji görnüşi 2007-nji ýylda tassyklanypdy.
"2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Geňeş ÝB-niň Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy boýunça ÝB-niň syýasatynyň regiondaky täze mümkinçiliklerine uýgunlaşdyrylan täze strategiýasyny kabul etdi; Geňeş ÝB-niň Gazagystan, Gyrgyzystan respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny 2007-nji ýylda ÝB-niň ilkinji Merkezi Aziýa strategiýasy kabul edilen pursatyndan bäri gutlaýar”diýip, habarda aýdylýar.
Dokumentde aýdylmagyna görä, “Geňeş regionyň gyzyklanýan ýurtlary bilen giňeldilen patnýorlykda we hyzmatdaşlykda aşa hyjuwly we özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak we durmuşa geçirmek ýörelgesine ygrarly bolup galýar”.
“Bu ylalaşyklar ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryndaky binýat bolmagynda galýar. Geňeş ÝB gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýanyň indiwidual ýurtlarynyň reforma geçirmeklige we demokratiýany, adam hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny we sudlaryň garaşsyzlygyny pugtalandyrmaklyga, şeýle-de hususy pudagy, hususan-da azat bazar şertlerinde kiçi we orta kärhanalary goldamak bilen, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmäge taýýarlygy bilen baglydygyny gaýtalaýar” diýip, Geňeş aýtdy.
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini ÝB-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze strategiýasyny 7-nji iýulda, ninistrleriň duşuşygynda yglan eder.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.