Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan prezidentiň sapary wagtynda “A-29 Super Tucano” uçarlaryny görkezdi


Owganystan. “A-29 Super Tucano” uçary
Owganystan. “A-29 Super Tucano” uçary

Türkmenistan “A-29 Super Tucano” uçarlaryny edindi diýip, dsm.forecastinternational.com neşiri türkmen döwlet telewideniýseinde görkezilen wideolara salgylanyp habar berýär.

“2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda döwlet telewideniýesinde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapary mahalynda düşürilen wideolarda Türkmenistan Embraer tarapyndan öndürilen ýeňil söweş uçaryny, “A-29 Super Tucano” howa gämisini görkezdi” diýip, neşir bu harby tehnikanyň iki gezek göze ilendigini belleýär.

Şeýle-de habarda, wideoda görünmese hem, bu uçaryň howadan raketa atmak üçin enjamlaşdyrylandygy aýdylýar. Neşir bu harby tehnikanyň Türkmenistana täzelikde getirilendigini çaklaýar we Bakuwda ýerleşýän internet neşirine, POLIGON harby žurnalyna salgylanyp, Türkmenistana bu uçardan azyndan ikisiniň getirilen bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Bu uçaryň Türkmenistanda görünmeginiň, satyn alnyp ýa häzirlikçe barlag üçin, Aşgabadyň ýeňil hüjüm uçarlary bilen gyzyklanýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň goňşusy bolan Owganystan bu uçary jeňçilere garşy söweşde ulanýar we bu ýadaý Aşgabadyň ünsüni çeken bolmaly diýip, habarda bellenilýär.

Soňky ýyllarda harby tehnikalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga çalyşýan Türkmenistan öz satyn alýan harby tehnikalary barada maglumat çap etmeýär, şol bir wagtda türkmen esgerleriniň azyk kynçylyklary, kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG