Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moldowanyň ministri täze koalisiýanyň ykdysady meseleler babatynda jebisdigini aýdýar


Moldowanyň daşary işler minsitri Niçu Popseçu (Nicu Popsecu)

Moldowanyň täze hökümet koalisiýasy ýurduň daşary gatnaşyklar babatyndaky garaýyşlaryndan has köp ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak we korrupsiýa garşy göreşmek hyjuwlary bilen jebisdir diýip, ýurudň baş diplomaty belledi.

Emma, ýurduň ýakyn taryhynyň görkezişi ýaly ýurduň parlamentindäki köplük koalisiýasynyň uzak möhlet durjakdygyna kepil geçmeýär diýip, daşary işler minsitri Niçu Popseçu (Nicu Popsecu) Waşingtonda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

8-nji iýunda Moldowanyň Ýewropa ýykgyn edýän ACUM blogy Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary isleýän Sosialistik partiýasy bilen bileleşip, täze hökümeti düzmäge razy boldy. Munuň netijesinde, häkimiýet başyna geçmeli Demokratik partiýa gaýra tesdirildi.

Iki esasy partiýanyň geosyýasy garaýyşlary olaryň bilelikde işläp biljekdigi barada soraglary döretdi.

“Moldowanyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak islegi iki partiýany-da jebislendirýär. Bu Moldowanyň halky üçin partiýalaryň geosyýasy galybyndan has möhümdir” diýip, Popseçu belledi.

ABŞ we onuň Ýewropa ýaranlary Russiýanyň daşarky hereketleri, şol sanda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy üçin, Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi.

Russiýa NATO-nyň öz serhet araçäklerine ýakynlaşýandygyny aýdyp, Günbatary özüniň howpsuzlygyna wehim salmakda aýyplady.

Moldowa NATO ýurtlary we Ukraina bilen çäkleşip, bitaraplygy saklaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG