Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin ýyllyk çykyşy närazylygyň güýçlenýän döwrüne gabat geldi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 20-nji iýun, 2019

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 20-nji iýunda ýurt ilatynyň soraglaryna jogap berip edýän çykyşy jemgyýetdäki närazylygynyň güýçlenýän, prezidentiň meşhurlygynyň pese gaçýan we ykdysadyýetiň durgunlylyga uçran döwrüne gabat geldi.

Döwlet baştutanyny öz ilatyna gowulyk isleýän lider hökmünde görkezmek üçin niýetlenen bu ýyllyk çykyşy Putine ýurduň kemçiliklerini ýerli resmileriň boýnuna atmak üçin mümkinçilik berýär.

2019-nji ýylyň sessiýasy üçin tutuş ýurt boýunça millionlarça adamyň prezidente ýollan sowalary saýlanyp-seçilýär we olara göni efirde jogap berilýär.

Adatça Putiniň jogap beýan sowallary ýuduň içerki meselelerine degişli bolýar. Geçmişde sowallar jaýlaryň ýumrulmagyna, ýolara we parahorluga degişli bolupdy. Şeýle-de, 66 ýaşly Putiniň beren jogaplary III-nji Jahan urşunyň başlanmagynyň ähtimallygy, Ukraina bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy we tussaglykdaky daşary ýurtlularyň boşadylmagy ýaly halkara meselelerine degişli bolupdy.

Putiniň sorag-jogaply bu 17-nji çykyşynyň öňüsyrasynda galp aýyplamalaryň esasynda tussag edilen žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we oppozisiýa agzalarynyň birnäçesi tussaglykdan boşadyldy.

Orsýetiň köpçüligiň pikirini öwrenýän döwlet barlag merkeziniň maglumatyna görä, ilatyň Putine ynamy geçen aýda 31,7% pese gaçyp, soňky üç ýylda iň pes derejä ýetipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG