Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti wideolarda edermen bolup görünse-de, hakyky howplardan gaça durýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen döwlet telekanalynyň habarlaryna sereden bolsaňyz, ony görensiňiz. Ol beýik, hem ýaman.

Ol Türkmenistanyň eli sapançaly, zyňan pyçagy sypman nyşana degýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Golaýda Türkmenisitanyň Altyn Asyr telekanalynyň habarlarynda ýaýradylan wideoda ol özüniň söweşe ökdeligini bütin dünýä ýene bir gezek görkezdi.

'Türkmenator': Berdimuhamedow ýene harby ukyplaryny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Berdimuhamedowyň teatr talanty bar. Ýöne bu hakyky suratda oňat teatrçylyk däl.

Berdimuhamedowyň iň soňky söweşiji wideosy onuň saz çalyp aýdym aýdan wideolaryny ýadyma salýar.

Iň soňky “Rambo” wideo-da edil şol äheňdedi. Ýazgyda Berdimuhamedow eli tüpeňli, bir elinde hem ot açmaga taýýar sapança, nyşanada hem bir oýuk görünýär (bu barada soňra durup geçeris).

Ýöne Berdimuhamedowyň Täze ýylda aýdym-sazly wideo bilen türkmen tele tomaşaçylaryna eden hüjümi baradaky öňki makalalaryň birinde aýdylyş ýaly, bu wideolary ýaňsa almak edil çelegiň içindäki balyga ot açan ýaly.

2017-nji ýylyň awgust aýynyň başlarynda Arkadagyň ilkinji merdemsi wideosy ýaýrap ugraly bäri men Garagumuň bu garadan gaýtmaz gahrymanynyň nirelere baryp diränini synlap gelýärin. Arkadagyň nirelerdedigini bilmek üçin, 2017-nji ýylyň tomsundan hem az kem aňry geçdim, ol şonda öz ýaragly güýçlerine söweş öwretmegiň wagty geldi diýen karara gelipdi.

Bagtyýarlyk we abadançylygyň altyn asyrynda ýa-da Türkmenistan resmi taýdan haýsy eýýamda hem bolsa, Berdimuhamedowyň hökümetine içerden bir uly howp abanyp duranok. Howp salýan ýurduň daşyndaky çaklama güýç ýaly bolýar. Biz Berdimuhamedowy egni harby eşikli Türkmenistanyň serhet postlarynda görýäris ýa-da ol jinsi geýimde howa zarbalaryna çagyrýana, kämahallar hem dikuçarly hüjümlere geçýäne meňzeýär.

Ol haýsy serhet postlaryna baryp gördi?

Altyn asyr telekanaly 2016-njy ýylyň 31-nji martynda Berdimuhamedowy Eýran serhetindäki Sarahs serhet postunda görkezdi.

2017-nji ýylyň ýanwarynda hem ol Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde Hazar serhet postuna bardy. Bu ýerde “Arkadag” diýilýän täze deňiz gämisini ulanyşa beriş dabarasyna gatnaşdy. Berdimuhamedow şol ýylyň oktýabrynda hem dikuçar bilen Awaza serhet postuna gelip, ýaragly güýçleri barlady.

2018-nji ýylyň ýanwarynda ol ýene-de çölde ýerleşýän ady näbelli serhet postuny barlamaga gitdi.

Ýöne Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan we Özbegistan bilen aralykdaky serhet postlaryna baryp gördi diýen habar ýok. Bu serhetler Türkmenistanyň Hazar kenar ýakasyndaky howpsuzraga meňzeýär.

Berdimuhamedow Owganystan bilen aralykdaky serhetde hem seýrek görünýär. Käbir agtaryşlardan soňra onuň türkmen-owgan serhetini 2018-nji ýylyň fewral aýynyň aýaklarynda baryp göreni anyklandy.

2014-nji ýyldan bäri demirgazyk Owganystanda söweşler barýar, bu söweşler serhetden daşary hem çykmadyk däl.

2014-nji ýylyň fewralynda üç türkmen serhetçisi öldi, ondan üç aý soňra owgan serhetiniň dürli etraplarynda ýene üç türkmen esgeri heläklendi. Ýöne mundan başga-da türkmen territoriýasyna düşen top oklary we türkmen esgerlerine ýeten zyýanlaryň hem bolandygy habarda aýdylýar.

Berdimuhamedowyň söweş gudratynyň has gerekli ýeri şu ýerdigi şübhesiz. Dogrudan hem 24-nji fewralda Arkadag owgan serhetindäki täze post Serhetabada gitdi.

Bu senäniň jaň ýaly bolup ýaňlanmagy mümkin. Sebäbi 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň liderleri Berdimuhamedow bilen birlikde Serhetabada ýygnanyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) tebigy gaz geçirijisiniň bir bölegini beýleki bölege birikdirmek dabarasyna gatnaşdylar.

Serhetiň töweregindeki etraplarda şol wakadan az salym öň we az salym soň görlen howpsuzlyk çäreleri ozal asla bolan däldir.

Aslynda, Berdimuhamedow 23-nji fewralda dabara we çykyşlar üçin birnäçe sagatlap, Owganystanda Hyratda boldy. Bu Berdimuhamedowyň Owganystana eden ýeke-täk saparydyr.

Ýöne Hyrat Owganystanda belli bir derejede howpsuz şäher bolsa-da, Berdimuhamedow ol ýerde uzak galmak islemedige meňzeýär.

Indi tigir sürýän, sapança atýan Berdimuhamedowyň geçiren soňky günleri hakda. “Eurasianet” ýazyjy we redaktory Peter Leonardyň Twitterde ýerleşdiren wideosynda, Arkadag nyşanany urup bilmän, gülle düşen ýerinde tozan turzana meňzeýär. Ýöne nyşana görnetin ýykylýar.

Beýik, ýaman Berdimuhamedowyň indiki gezek nireden turjagyny kim bilýär.

Ýöne bir zady şübhesiz aýdyp bolar, onuň indiki turjak ýeri nire hem bolsa, hakyky howpdan has uzak ýer bolar.

Bu makalada aýdylýan pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG