Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow S.Nyýazowyň heýkeline gül goýup, nemes dilinde aýdym aýtdy


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen aýdym aýdýar. TDH-nyň suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen aýdym aýdýar. TDH-nyň suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda Aşgabatda “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy we şol günüň özünde, ýakynlap gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan aýdym-sazly dabarada nemes dilinde aýdym aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamwedowyň sözlerine, onuň “mähriban agtygy Kerim Berdimuhamedowyň” sazyna döredilen “Arzuw” atly aýdymyň üç dilde – türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýaňlanmagy “dabaranyň şowhunyny hasam belende göterdi”.

Mundan öň Berdimuhamedow iki dilde – türkmen we rus dillerinde aýdan aýdymlary bilen tanalýardy.

Ýene bir täzelik, prezidentiň agtygy Kerimgulynyň ady indi Kerim diýip tutulýar.

Ýerli synçylar Nyýazowyň bu gezekki hatyralanmasynyň, Berdimuhamedowlaryň syýasy we sungat işleriniň nobatdaky taryplanmasynyň fonunda, diňe “bellik üçin” geçirilen çärä meňzändigini, ozallar “Baky Beýik”, “Şa şahyr” diýlip atlandyrylan ilkinji prezidentiň adynyň daşyndaky sypatlandyrmalaryň diňe bir gezek agzalandygyny, onuň telewideniýe habarynda “Türkmen halkynyň ajaýyp ogly” diýlip atlandyrylandygyny belleýärler.

Döwlet telewideniýesinde “garaşsyzlygyň berkarar edilmegine, özbaşdaklygyň pugtalandyrylmagyna, ýurduň bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly goşant goşan” diýip häsiýetlendirilen Nyýazowyň bu “hyzmatlary” TDH-nyň “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynda çap eden habarynda, näme üçindir, agzalmandyr.

S.Nyýazow barada aýdylan öwgüli sözlere derek, “Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlanan ýol häzirki döwürde möçberi boýunça ägirt uly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir” diýmek bilen, TDH bu meseleleriň “Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde durmagynda üstünlikli çözülýändigini” belleýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şol gün çap edilen gazetlerde S.Nyýazowyň adynyň asla agzalmandygyny habar berdi.

1985-nji ýyldan tä ömrüniň soňky ýyllaryna çenli Türkmenistana ýolbaşçylyk eden S.Nyýazow 2006-nji ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykdy we 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen G.Berdimuhamedow ýurduň ilkinji prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada berdi.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedowyň dolandyryşynyň başky ýyllarynda S.Nyýazowyň käbir “syýasatlaryndan” ýüz öwrüldi, ýapylan Ylymlar Akademiýasy, sirk, opera we balet, ýatyrylan ýa gysgaldylan pensiýalar, çagalaryň kömek pullary dikeldildi, öňki prezidentiň özüniň we ejesiniň adyny içine alýan kalendar ýatyryldy, mekdepler ilki on ýyllyga, soň 11 ýyllyga geçirildi, ÝOJ-larda okuw möhletleri Nyýazowdan öňki ýagdaýyna getirildi we garaşsyzlygyň başky ýyllarynda giň ýaýran neşekeşige garşy göreş gylan edildi.

Şeýle-de, 2006-njy ýyldan soň Nyýazowyň metbugatda we binalarda giň orun alan portretleri, mekdep programmasyna girizilen “eserleri” öz ornuny Berdimuhamedowyň portretlerine we “eserlerine” bermeli boldy, Nyýazowyň ejesine, kakasyna we atasyna derek Berdimuhamedowyň ejesi, kakasy we atasy “görelde almaly” adamlara öwrüldi.

Mundan başga, synçylar Berdimuhamedow döwründe ýene bir üýtgeşikligiň göze ilendigini, S.Nyýazowdan tapawutlylykda, onuň ogluny we agtygyny hem öňe çykarandygyny, ozal beýle zatlaryň bolmandygyny belleýärler.

Synçylar türkmen hökümetiniň S.Nyýazowyň syýasy mirasyna baha bermän gelýändigini aýdýarlar. Türkmen mediasyndan tapawutlylykda, türkmen hökümetiniň tankytçylary S.Nyýazowyň “garaşsyzlygyň berkarar edilmegine, özbaşdaklygyň pugtalandyrylmagyna” goşant goşman, “taýyn aşyň eýesi bolandygyny, ýurt garaşsyzlygyna derek bir adamyň garaşsyzlygyny, şahsyýet kultuny döredendigini” öňe sürýärler.

“Nyýazow Moskwa tarapyndan berlen garaşsyzlygy dogry ýol bilen alyp gidip bilmedi, ol diňe öz garaşsyzlygyny berkarar etdi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly aşgabatly synçya aýtdy.

Onuň pikiriçe, S.Nyýazowyň mirasyna syýasy baha berilmegine bereýýäm wagt boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG