Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezident baş prokurory täzeledi


Otabek Murodow
Otabek Murodow

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň baş prokurory Otabek Murodowy wezipesinden boşatdy, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda wezipä belleneli bäri metbugata açyklyk syýasatyna başlapdy.

20-nji iýunda çap edilen prezident kararyna laýyklykda, Muradowyň ýerine parlamentiň ýokary palatasynyň spikeri Nigmatulla Ýuldoşew bellenildi. Muradowyň wezipesinden boşadylmagynyň sebäbi aýdylmaýar.

Mirziýoýew ýanawrda, howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Muradowy açyk tankyt etdi we wezipesinden boşatmak haýbatyny atdy.

Baş prokurora şonda jenaýatçylygyň derejesini azaltmak üçin alty aý möhlet berildi.

Muradowyň baş prokuror bolan döwründe baş prokuraturanyň edarasy metbugat üçin ilkinji gezek açyk boldy we öz garamagyndaky her bir mesele boýunça düşündiriş bermäge başlady.

XS
SM
MD
LG