Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Samarkant bäbekhanasynda bir günde täze dünýä inen bäş çaga ýogaldy; bir enä başga çaganyň jesedini berdiler


Ilýustrasiýa suraty
Ilýustrasiýa suraty

Samarkant şäherindäki oblast perinatal merkezinde, 2019-njy ýylyň 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda, täze dünýä inen bäş çaga öldi. Ýogalan bäbejikleriň biriniň jesedini, şol keselhanada 28-nji fewralda çaga dogran 21 ýaşly Güljahon Karimowa berdiler. DNK barlagynyň netijesine görä, ýogalan çaganyň hossarlarynyň düýbünden başga adamlar bolmalydygyny Ýaş maşgalanyň ýakynlary Azatlyk Radiosyna aýtdy .

Gyz dogran aýala oglanjygyň jesedini berdiler.

21 ýaşly Güljahon Karimowanyň Samarkandyň oblast çaga dogruş merkezinde 28-nji fewralda irden çagasy bolýar. Enekeler onuň gyzynyň bolandygyny aýdýarlar.

Ýöne ýaş enäniň şatlygy uzak dowam etmeýär, şol günüň agşamy oňa çaganyň ölendigini aýdyp, ýogalan oglan bäbegiň jesedini berýärler.

Güljahon Karimowanyň hossarlarynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, ýaş enäni keselhanadan çykaranlarynda, wraçlaryň hut öz çagasynyň jesedini berip-bermändigi barada, onda şübhe döreýär. Hossarlary çagany jaýlamazlygy karar edip, onuň nähili derejede ejesine dahyllydygyny bilmek üçin, DNK barlagyny geçirmäge, Samarkant şäheriniň Içeri işler bölümine ýüz tutýarlar.

H. Süleýmanow adyndaky Respublikan sud-medisina merkeziniň DNK laboratoriýasynda geçirilen barlagdan soň, ekspertler Güljahon Karimowanyň şübhesiniň esaslydygyny tassyklap, ýogalan çaganyň biologiki hossarlary düýbünden başga adamlar diýýärler.

Azatlygyň habarçysyna Güljahon Karimowanyň ejesi Gülandom Karimowa bilen gepleşmek başartdy. Onuň sözüne görä, gyzy entegem ol psihiki sarsgyndan aýňalyp bilmändir.

– Biz çaganyň tenini ýuwanymyzda, onuň oglanjykdygyny gördük. Biz derrew bäbekhana gidip, wraçlara: “Dokument ýüzünde Güljahon gyz dogurdy diýlip ýazylypdyr, siz bolsa oglanjygyň jesedini berdiňiz” diýdik. Bäbekhananyň işgärleri bize: “Onuň hiç kynçylygy ýok, biz oglan boldy diýip ýazaýarys” diýdiler. Şondan soň biz DNK analizini geçirmegi karar etdik. Bäbegiň jesedi iki günläp ekspertizada saklandy. Soňra ony jaýladyk. Analiziň netijeleri dört aýdan soň mälim boldy, ol çaga 100% biziňki däl ekeni. Şeýlelikde, biz başga adamyň çagasyny jaýlapdyrys – diýip, Gülandom Karimowa aýdýar.

Gürrüňdeşimiziň tassyklamagyna görä, Samarkant bäbekhanasynda bäbekleriň çalşyrylmagy ýörite edilen bolmaly.

– Ýa bäbekhananyň işgärleri biziň bäbegimizi beýleki ölen çaga bilen ýörite çalşyp, ony başga hossarlara beren bolmaly, ýa-da ýogalan çaganyň jesedini çalşypdyrlar. Sebäbi wraçlar şol gün keselhanada täze dünýä inen bäş çaganyň ölendigini aýtdylar. Eger biziň bäbegimizi başga birine beren bolsalar, men Hudaýa şükürler ederdim. Biziň bäbegimiziň jesedini başga birine beren bolsalar, nädip bolar? Men ony haýsy mazardan gözläýin? – diýip, biz bilen gürrüňdeşlikde Gülandom Karimowa aglaýar.

Azatlyk Radiosynyň Samarkantda Karimowalaryň maşgalasyndan alan maglumatynyň dogrudygyny Özbegistanyň Baş prokuraturasy tassyklady.

Kanuna gözegçilik organynyň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, Samarkandyň bäbekhanasynda ýüze çykan ýagdaý boýunça Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 124-nji maddasy («Çagany bähbit ýa-da deýýuslyk maksady bilen ýörite çalşyrmak») bilen jenaýat işi açylypdyr. Barlag işleri dowam edýär.

Bäbekhanada bir günde täze doglan bäş çaga ýogalýar

Baş prokuraturanyň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň 27-nji fewraly ir sagat 8.00-dan, 1-nji martyň ir sagat 8.00 çenli Samarkant oblast perinatal merkezinde 36 aýal 37 çaga dogrupdyr.

«2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan, 1-nji marta çenli diri dünýä inen 37 bäbekden 5 çaga dürli näsazlyklar sebäpli aradan çykypdyr» diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Bir keselhanada günüň dowamynda bäş çaganyň ölmeginiň sebäpleri entek mälim edilenok.

Baş prokuratura bu iş boýunça 6-njy iýunda barlag toparyny döredipdir, olar täze doglanlaryň ýogalmagyny sebäplerini öwrenmekçi. Ýagdaýy hukuk gözegçileri öz kontrollygyna alypdyrlar.

Azatlygyň habarçysy Samarkandyň oblast Perinatal merkeziniň administrasiýasy bilen habarlaşyp, bäbekleriň çalşyrylmagy barada maglumat almak isledi.

Özüni nobatçy diýip tanyşdyran keselhana işgäri baş wraçyň öz ýerinde ýokdugyny aýdyp, habarçymyz bilen gepleşmekden ýüz öwürdi.

Samarkant oblastynyň Saglygy saklaýyş bölüminiň metbugat-gullugy bolsa oblast perinatal merkezinde bolan ýagdaýdan habarsyzdygyny aýtdy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň soňky hasabatyna görä, Özbegistanda 2017-nji ýylda diri dünýä inen her 1000 çagadan 20 sanysy ýogalypdyr.

Munuň özi ýurtda diri dünýä inen her 50 çagadan biriniň ýogalýandygyny görkezýär. Samarkandyň oblast Perinatal merkezinde bir günde dünýä inen 37 çagadan 5 sanysynyň ölümi bolsa, her 7 çagadan biriniň ýogalýandygyny görkezýär.

Geçen aýda Daşkent oblastynyň Ýangiýul prokuraturasy ýerli bäbekhanada täze doglanlaryň satylýandygynyň üstüni açdy. Akuşer-ginekolog 2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde gyz çagasy bolan enä, hamana ol öldi diýip, ony başga birine 100 amerikan dollaryna satypdyr.

Bu iş boýunça akuşer-ginekologyň garşysyna degişlilikdäki jenaýat işi gozgalyp, derňew barýar.

Şu ýylyň fewralynda Horezm oblastynyň Ürgenç şäherinde oblast perinatal merkeziniň işgäri öz tanşyna täze bolan çagany 200 amerikan dollaryna satmakçy bolanda tussag edildi.

Geçen ýylyň aýagynda Özbegistanyň Ynsan hukuklary boýunça wekili Ulugbek Muhammadiýew 2010-2018-nji ýyllar aralygynda ýüzden gowrak çaga söwdanyň pidasy bolandygyny mälim etdi.

Ýatlatsak, 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Özbegistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky meselelere bagyşlanan wideo maslahatynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew «iň köp parahorlugyň bäbekhanalarda bolýandygyny» aýtdy.

«Munuň soňuna çykmak gerek. Bäbekhanalarda bolýan bu ýagdaý durmuş kadasy hökmünde kabul edilýär. Akuşerkalara hökmany suratda para bermeli. Bu nirede ýazylan? Hiç ýerde ýazylmadyk. Hemmeler nägile» diýip, prezident Mirziýaýew gaharlanypdy.

Material AÝ/AR-nyň özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG