Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýdaky etniki gazaklaryň hukuklaryny goraýan topar Gazagystanyň Adalat ministrligini suda berýär 


Gazagystan. Hytaýly etniki gazaklar Orsýetden we ABŞ-dan öz Sinjiaňdaky garyndaşlaryna kömek soraýarlar. Almaty, 28-nji ýanwar, 2019.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaňda ýaşaýan etniki gazaklaryň hukuklaryny goraýan topar Gazagystanyň Adalat ministrliginiň üstünden suda şikaýat arzasyny berjekdigini, sebäbi ministrligiň hökümetden aýry guramany hasaba almakdan gaýta-gaýta boýun gaçyrandygyny aýdýar.

Atažurt Eriktileri (Ataýurt meýletinçileri) toparynyň wekili Erbol Dauletbek we toparyň aklawçysy Aýman Omarowa 21-nji iýunda ministrligiň öz guramalaryny hasaba almakdan dördünji gezek boýun gaçyrandygyny aýtdy.

Olar her gezek guramany hasaba aldyrmakçy bolanlarynda, ministrligiň tabşyrylan dokumentlerden “tapan”haýsydyr bir näsazlyklaryny bahana edinýändiklerini aýtdylar.

Omarowa bu hili esaslandyrmalary “esassyz” diýip atlandyrdy we hasaba alyş dokumentleriniň ählisiniň Gazagystanyň kanunlaryna we düzgünlerine laýyklykda, iki dilde, gazak we rus dillerinde dogry-düzüw taýýarlanandygyny aýtdy.

Bu toparyň lideri Serikžan Bilaş mart aýyndan bäri, sinjiaňly etniki gazaklaryň birnäçe ýygnanyşygyny guranyndan soň, etniki oňşuksyzlygy öjükdirmek aýyplamasy esasynda, öý tussaglygynda otyr.

Gazagystanda ýerleşen sinjiaňly gazaklar hytaý hökümetiniň öz garyndaşlaryny “terbileýiş lagerleri” diýilýänlerde saklaýandygyny aýdyp, şikaýat edýärler.

XS
SM
MD
LG