Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryna goşulyp gurlan pristroýkalaryň, şeýle hem köne bir we iki gatly jaýlaryň ençemesi ýykyldy. Soňky aýlarda köpçülikleýin häsiýetde geçirilýän jaý ýumrulyşy ýerli ýaşaýjylaryň aladalaryny artdyrdy, ençeme maşgala sowukda köçede galmakdan howatyrlanýar.
Şu günler Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde ýüzlerçe maşgala sowuk möwsümde başpenasyz galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup, uly alada galýar diýip Azatlygyň habarçysy 30-njy dekabrda habar berdi we ýaşaýjylaryň näme üçin häkimiýetleriň iň bolmanda ýaz paslyna çenli garaşyp bilmeýändigine düşünmeýändiklerini belledi.
Türkmenabatly ýaşaýjylar özleriniň çykgynsyz ýagdaýda galandygyny belläp, ýerli häkimiýetleriň ýaşaýjylara wagtlaýyn jaý tapyp ýaşaň diýýändigini, emma adamlarda mümkinçiligiň ýokdugyny gürrüň berdiler.
“Jaýymyzyň ýykyljakdygyny bir aý öňünden aýtdylar. Häkimlik ‘wagtlaýyn bir ýerden jaý tapyňlar, soň size jaý bereris’ diýdi. Emma meni we çagalarymy öýüne aljak ne garyndaşym bar, ne-de tanşym. Bir otagly jaýy kireýine almak üçin aýyna azyndan 1000 manat soralýar. Men bu puly öz gazanjym bilen töläp bilemok” diýip, köp çagaly ýaşaýjy ýagdaýyny beýan etdi.
Başga bir ýaşaýjy bolsa jaýynyň ýykyljakdygy barada öňünden hiç hili resmi duýduryş berilmändigini aýdyp, bir salymda öýsüz galandygyny gürrüň berýär:
“Polisiýa bilen gelen näbelli adamlar meni öýden çykardylar, gödek daraşdylar. Agam meni öz öýüne aldy, bolmasa köçede galardym”.
Bu aralykda şäherde “ähli köne jaýlar ýykylar” diýen myş-myşlar ýaýrap, jaý kireýi bazaryna güýçli täsir etdi.
Jaý kireýi gymmatlady
"Kireý bahalary takmynan 50% ýokarlandy. Mysal üçin, öň aýyna 800 manat bolan bir otagly jaýyň kireý tölegi häzir 1200 manada ýetýär" diýip, ýerli çeşme aýdýar.
Ýaşaýjylar ýumrulýan jaýlaryň esasan 1-2 gatly köne binalar bolup, olaryň sowet döwründe gurlandygyny aýdýarlar, emma olaryň arasyndan käbirleriň saýlanyp ýykylýandygy belleýärler.
"Jaý we pristroýka ýykmak işleri şäherde belli bir meýilnama laýyklykda däl-de, tertipsiz alnyp barylýar. Munuň sebäbi hökmünde kommunal işgärleriň ýetmezçiligi görkezilýär" diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen çeşmeler şäheriň dürli böleklerinde ýumrulan binalardan galan beton, daş-kerpiç we sement bölekleriniň ýatandygyny, howada tozanyň gaýyp durýandygyny gürrüň berip, jaýlary ýa-da goşmaça otaglary ýykylan raýatlar çykalga gözleýärkä, pristroýkasy heniz ýykylmadyk maşgalalaryň “belki, bize degmezler” diýen umyt bilen garaşyp, örän aladaly ýagdaýda ýaşaýandygyny belleýärler.
Şäher ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler olara jaýlary we pristroýkalary ýykmak çäreleriň sebäbini awgust aýynda “Gök” bazaryň golaýynda bolan ýangyn bilen ilteşdiripdir.
"Bu çäreler barada güýz aýlarynda duýduryş berlip, awgust aýynda “Gök” bazaryň golaýynda bolan ýangyn mysal getirildi. Resmi düşündirişlere görä, şol wagt pristroýkalar ýangyn söndüriji maşynlaryň geçmegine päsgel beripdir" diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.
Jaýlaryň näme sebäpden ýumrulýandygyny Türkmenabadyň häkimliginiň özünden resmi görnüşde anyklap bolmady.
Şeýle-de, Türkmenabatda köpgatly jaýlara özbaşdak goşulyp gurlan gurluşlar — pristroýkalar ýykylýar. Köpçülikleýin görnüşde geçirilýän bu işler şäheriniň birinji kiçi etrapçasynda, “Gagarin”, “Himik” hem-de “Himikler köşgi” etrapçalarynda alnyp barylýar.
Pristroýkalar nädip döreýär?
Türkmenabatda ýaşaýjylaryň özbaşdak guran pristroýkalaryny ýykmak boýunça guramaçylykly çäreler mundan öň hem birnäçe gezek geçirilipdi. Emma wagt geçenden soň, ýaşaýjylar täzeden goşmaça otaglary gurup ýaşaýarlar. Käbir ýolbaşçylar muňa göz ýumýar, käbir ýagdaýlarda ýaşaýjylar häkimiýet wekillerine para berip, rugsat alýar diýip, çeşmeler aýdýar.
Ýaşaýjylar munuň sebäbini ýaşaýyş şertleriniň örän darlygy bilen düşündirýärler.
“Türkmen maşgalalary adatça birnäçe nesil bolup bir öýde ýaşaýar: garry ene-atalar, olaryň öýlenen çagalary we agtyklary. Oba ýerlerinde goşmaça jaý gurmak mümkin bolsa, şäherde bu kanuny bozmaga barabardyr. Şeýle-de bolsa, kimdir biri aşhanany pristroýka geçirýär, beýlekiler pristroýkany ýaşaýyş otagyna öwürýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Şu wagt Türkmenabatda ýumrulýan jaýlaryň arasynda 1969-njy ýylda gurlan jaýlar hem bar. “Himikler köşgi” sebitinde ýerleşýän bu jaýlaryň Amyderýanyň suwunyň joşmagynyň yzýany gurlan bir we iki gatly agaç jaýlardygyny aýdyp habarçymyz, şol binalaryň tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleri gyssagly jaý bilen üpjün etmek maksady bilen gurlan we onlarça ýyl bäri ulanylyp gelýän jaýlardygyny belledi.
“Bir aý çemesi öň şäher häkimligi ýaşaýjylara wagtlaýyn jaý tapmak ýa-da garyndaşlarynyň ýanyna göçmek barada duýduryş berdi. Olara täze ýaşaýyş jaýynyň beriljekdigi wada edildi” diýip, Türkmenabadyň häkimligindäki ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Emma ýaşaýjylar bu wadalara ynanmaýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylar öz şäherinde we ýurduň beýleki böleklerinde, şol sanda paýtagtda geçirilen ozalky jaý ýumrulyşyklaryň maşgalalaryň ençemesini jaýsyz goýandygyny ýatlaýarlar.
Türkmenistanda soňky 30 ýylda müňlerçe bina, şol sanda köpgatly ýaşaýyş binalar, howluly jaýlar we käte tutuş etrapçalar hem obalar ýumruldy, jaýy ýykylan raýatlaryň käbiri häkimiýetleriň täze jaý bermek wadasyna ençeme ýyllap garaşmaly boldy, käbirlerine öňküsinden has kiçi jaý berildi, käbirlere ýykylan öýüne derek ne jaý, ne-de töleg berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum