Orsýete garşy demonstrasiýaçylaryň müňlerçesi Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside tapgyr üçünji gün toplanyp, käbir ýokary derejeli resmileriň işden çekilmegine we irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdi.
Ondan iki gün öňki protestlerde ýüzlerçe adam ýaralanan we tussag edilen bolsa, 22-nji iýundaky protest parahatçylykly boldy.
Ýarygijeden soň, 23-nji iýuna geçilen badyna müňlerçe protestçi parlament binasyndan Gürjüstanyň dolandyryjy Gürjüstanyň arzuwy partiýasynyň baş edarasyna, Tbilisiniň meşhur Parahatçylyk köprüsiniň golaýyndaky bina tarap ýöriş etdi.
Protestçiler bilen bu binany goraýn polisiýa ofiserleriniň arasynda gapma-garşylyk ähtimallygy döredi.
Oppozisiýa wekilleri biraz öň hatda parlament spikeri Irakli Kobakhidze olaryň bir talabyny kabul edip, işden çekileninden soň hem, protestleriň 22-nji iýunda, tapgyr üçünji gije hem dowam etdiriljekdigini aýtdylar.
Protest liderleri öz talaplary, şol sanda içeri işler ministriniň işden çekilmegi, protestleriň birinji gijesinde tutulanlaryň boşadylmagy, märekä garşy zorluk ulanan hukuk goraýjylaryň jezalandyrylmagy, şeýle-de irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegi baradaky talaplary berjaý edilýänçä protesti dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.
Bu protestler orsýetli kommunistiň, Döwlet dumasynyň deputaty Sergeý Gawrilowyň Gürjüstanyň parlament binasynda spikeriň ornuna geçip oturmagyna adamlaryň gahar etmeginden başlandy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.