Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 30-69 ýaş aralygynda ölen adamlaryň ýary ýürek-damar keselinden ölüpdir


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda 30-69 ýaş aralygyndaky adam ölümleriniň 50 prosenti ýürek-damar kesellerinden ugur alýar.

Bu barada turkmen.news habar neşiri Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synyna salgylanyp habar berýär.

Hasabata görä, Türkmenistanda ölümçiligiň iň ilkinji esasy sebäbi ýürek-damar keselleri, ikinji iň esasy sebäp onkologiki keseller bolup durýar.

Maglumatda adam ölümleriniň 12 prosentini emele getirýän onkologiki keseller barada statistiki sanlar getirilýär. Onda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda erkek adamlaryň ölümlerine getirýän esasy keselleriň hatarynda traheýanyň we bronhlaryň rak keseli, ýagny bokurdak düwüni, inçekesel, aşgazandaky düwün, hem-de bagyrdaky düwün we öt haltanyň kanallaryndaky düwün agzalýar. Maglumatda Türkmenistanda aýallarda duş gelinýän esasy onkologiki keseller boýunça süýt mäzlerindäki düwün hem-de ýatgy boýunjygyndaky düwün agzalýar.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlaryň ençemesi soňky wagtlarda türkmenistanlylaryň arasynda ýürek-damar we rak kesellerine köp duş gelinýändigini tassyklady. Olar bu barada anyk sanlaryň aýan edilmeýändigini bellediler.

Aşgabatly habarçy 18-nji iýunda ýetiren maglumatynda bu barada habar beripdi.

“Aşgabadyň rak keselleri bejerýän hassahanasy näsagdan doly. Bu ýerde ölýän adamlar köp. Statistika gizlenýär” diýip, habarçy aşgabatly bir lukmanyň sözlerini getirdi.

Türkmenistanda ilat arasynda dürli keselleriň giň ýaýraýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary wagtal-wagtal habar berip durýar.

21-nji maýda ýetiren maglumatynda habarçymyz ençeme aşgabatly lukmanyň sözlerine salgylanyp, paýtagtda gelmintoz, ýagny adamyň bedeninde gurçuk döremek keseliniň hem giň ýaýraýandygyny habar berdi.

"Bu enterbioz, askarida we lýambliýa. Bu üç ýyl mundan öň eýýäm uly meselä öwrülipdi, geçen ýylda hasam güýçlendi, emma şu ýyl köpçülikleýin häsiýete eýe boldy, aýratynam mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň we göwreli aýallaryň arasynda. Bellemeli ýeri diňe bir çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem öýde saklanýan çagalarda-da" diýip aşgabatly lukmanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Onuň saglygy saklaýyş ugrundan bilermenleriň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, ýurduň saglyk öýlerinde agzalýan kesel boýunça ýörite barlagdan geçirmek tejribesi ornaşmandyr.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň saglyk edaralary tarapyndan anyklananan käbir kesellere degişli dermanlaryň tapdyrmaýandygyny hem habar berýärler.

13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda diabet, ýagny süýji keselliler üçin zerur insuliniň gytçylygynyň dörändigini habar berdiler. Maglumata görä, bu wajyp derman serişdesini satyn almak üçin döwlet dermanhanalarynda uzyn nobatlar döredi, hususy dermanhanalarda bolsa bu derman satylmady.

Ýöne Azatlygyň habaryndan soň 10-njy iýunda paýtagtyň döwlet dermanhanalarynyň insulin üpjünçiligi kadalaşdy.

Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Meýletin milli synynda ýurduň saglyk we beýleki käbir pudaklaryna degişli statistiki sanlar agzalýar, ýöne belli-belli ugurlara degişli görkezijiler mälim edilmeýär.

“Umumy aýdylanda, bu syn Türkmenistanyň hökümetiniň hödürlän maglumatlaryna esaslanýar. Mysal üçin, onuň “Korrupsiýany ýok etmek” we “Adam hukuklaryny goramak” bölümlerinde san agzalmaýar, ol bölümlerde esasan bu ugurlary ösdürmek boýunça kabul edilen ýa-da üýtgeşme girizilen kanunçylyk namalary sanalýar” diýip, neşir ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG