Ukrainanyň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym regionynda geçirilen harby-tälim türgenleşikleri döwründe iki sany rus desanty gark boldy.
Russiýanyň Günorta harby regionynyň resmileri özleriniň 26-njy iýunda beren maglumatlarynda rus armiýasynda şertnama esasynda gulluk eden iki desantyň Staryý Krym türgenleşik meýdanynda geçirilen paraşýutdan bökmek boýunça adaty türgenleşikler döwründe ölendigini mälim etdiler.
“Krymdaky howa-desant birleşiginde şertnama esasynda gulluk eden iki desant suwuň üstüne gondy we öz wagtynda özlerini paraşýut armaturalaryndan aýryp bilmedi” diýlip, habarda desantlary halas etmek synanyşyklarynyň başa barmandygy bellenilýär.
Beýanatda bu waka boýunça Howa-desant güýçleriniň ýörite komissiýasynyň we ýerli kanun goraýjy resmileriň derňewleri başladandygy mälim edilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.