Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň ok-ýarag ammary partlan şäheriniň adamlary başga ýere göçürilmeklerini talap edýärler


 Partlamalardan soňky Arys
Partlamalardan soňky Arys

Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan sebitinde ýerleşýän Arys şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy, ok-ýarag ammarynyň tapgyrlaýyn partlamalaryndan soň, regionyň iň uly şäherinde toplanyp, regionyň başga ýerlerine hemişelik göçürilmeklerini talap etdi.

Harby bazada onlarça tonna ok-däri partlanyndan soň, 24-nji iýunda Arysdan gaçan adamlar 27-nji iýunda Şymkentdäki esasy ýoly bagladylar. Bu partlamalar netijesinde üç adamyň ölendigi habar berildi. Şäherden gaçan adamlar indi özleriniň yzlaryna gitmäge gorkýandyklaryny aýdýarlar.

Arysda 2009-njy ýyldan bäri harby enjamlar we ok-ýarag depolarynda birnäçe ganly partlama bolup geçdi.

Protestçiler regional gubernator Omirzak Şokeýewiň özleri bilen duşuşyp, täzeden ýerleşdiriljek ýerleri barada maslahat etmegini talap edýärler.

24-nji iýunda bolan partlamalardan soň regionda adatdan daşary ýagdaý düzgüni jar edildi we ýerli hökümet şäheriň 45 müň adamdan ybarat ilatyny ewakuasiýa etmegi buýurdy.

XS
SM
MD
LG