Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibire gelen sil zerarly iki adam öldi


Russiýanyň Irkutsk regiony

Sibirde güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde gelen sil sebäpli iki adam öldi diýip, ýerli häkimiýetler aýdýarlar.

27-nji iýunda Irkutsk regionynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Irkutskda birnäçe gün bäri dowam edýän güýçli ýagyşlar sebäpli regionyň üç etrabyna sil geldi.

28-nji iýunda Irkutsk regional hökümeti häkimiýetler tarapyndan ewakuasiýa kararynyň çykarylandygyna garamazdan, Ýewdokimowka obasyndaky öýlerini terk etmegi ret eden bir jübüdiň gijäň ýarynda heläk bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG