Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bir aýda Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikinji sertifikatyna mynasyp boldy


Turkmenistan/Guinness World Records Certificate
Turkmenistan/Guinness World Records Certificate

Türkmenistanda gurlan ýene bir desga Ginnesiň rekordlar kitabynyň sertifikatyna mynasyp boldy.

TDH-nyň 28-nji iýunda beren maglumatyna görä, düýn Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod açylanda, bu kärhana Ginnesiň rekordlar kitabynyň “Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawoddygy” baradaky sertifikaty gowşuryldy.

Neşiriň maglumatyna görä, bu desgada dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.

Zawodyň taslama kuwwaty 600 müň tonna bolup, onda bir ýylyň dowamynda 12 müň tonna dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkiýäniň “Rönesans” we Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tarapyndan gurlan zawod Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirildi we 800-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün eder diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berýär.

Bu zawod Türkmenistanyň regionlarynda A95 we A92 markaly benziniň gytçylygynyň dörändigi baradaky habalaryň fonunda açyldy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri zawodyň açylyş dabarasyna taýýarlygyň çäginde onuň golaýyndaky Çoganly şäherçesiniň ilatyna, dabara sowulýança öýlerinden çykmagyň gadagan edilendigini habar berýär.

Täze desganyň umumy bahasy $1,7 mlrd bolup, onuň näçe wagtda özüni ödejegi anyklaşdyrylamýar.

Türkmenistan iýunyň başynda hem Ginnesiň rekordalar kitabynyň sertifikatyna mynasyp bolupdy. Şonda ýurt bir ugur boýunça iň dowamly welosiped parady bilen tapawutlandy.

XS
SM
MD
LG