Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Erdogan S-400 gapma-garşylygynda öňegidişlik gazanmady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen. Arhiw suraty. Brýussel, 11-nji iýul, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň kämilleşdirilen S-400 ýer-asman gorag ulgamyny satyn almagy dowam etdirmezlige çagyrmak üçin türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy.

Iki lider 29-njy iýunda G20 toparynyň Osakada, Ýaponiýada geçýän sammitinde duşuşanda, Tramp Erdogana bu teklip edilýän söwdanyň “problema” bolandygyny aýtdy.

"Bu gowy däl, bu gowy däl” diýip, Tramp gaýtalap aýtdy. Şeýle-de Tramp bu meseläni “çylşyrymly” diýip häsiýetlendirdi.

Waşington, eger NATO agzasy Türkiýe S-400 gorag ulgamyny satyn almak işini 31-nji iýula çenli goýbolsun etmese, Ankaranyň geljekki nesil F-35 söweş uçarlaryny satyn almakdan mahrum ediljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Türkiýäni muňa derek ABŞ-da öndürilen “Patriot” raketa ulgamyny satyn almaga çagyrdy.

Emma muňa garamazdan, Erdogan biraz öň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşanda, rus liderine S-400 ylalaşygynyň “ilkinji derejeli wajyplyk” bolandygyny belledi. Ol Ankaranyň bu ylalaşyk barada gaýtadan pikir etmek alamatyny görkezmedi.

Erdogan Tramp bilen duşuşygy mahalynda “biziň strategiki partnýorlygymyz köp ugurda raýdaşlygy talap edýär” diýdi. “Men şeýle raýdaşlygyň gelýän döwürde hem dowam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, ol aýtdy.

Iki lideriň duşuşygy 35 minut çemesi wagta çekdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG