Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katarda owgan parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry açyldy


"Talyban" delegasiýasynyň agzalary. Arhiw suraty. Moskwa, 30-njy maý, 2019.

Katarda ABŞ-nyň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halylzad bilen talyban gepleşikçileriniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, “Talybanyň” sözçüsi tassyklady.

Sözçi Zabiullah Mujahid 29-njy iýundaky twitinde “Dohada ABŞ wekilleri bilen Yslamçy emiratyň gepleşikçiler toparynyň arasyndaky gepleşikleriň ýedinji tapgyry başlandy” diýip ýazdy.

Mujahid AP habar gullugyna gepleşikleriň başda Kataryň paýatagty Dohada, jeňçi toparyň ofisiniň ýerleşýän ýerinde irden başlanylmagynyň planlaşdyrylandygyny, emma muňa derek günortan açylandygny gürrüň berdi.

Bu gepleşikler “Talyban” jeňçileriniň edil şol günüň özünde demirgazyk Owganystandaky söweşde azyndan 26 sany hökümete tarapdar milisiýa agzasyny öldüren wagtyna gabat geldi.

Pitneçiler Baglan welaýatynyň Nahrin etrabyndaky barlag nokatlaryna hüjüm etdiler. “Talybanyň” sözçüsi milisiýa agzalarynyň 28 sanysynyň öldürilendigini, 12 sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Welaýat polisiýasy ölen milisiýa agzalarynyň sanyny 26 diýip görkezdi. Kabuldaky Goranmak ministrliginiň resmisi bu hüjüm “Talybanyň” güýç pozisiýasyndan gepleşmek isleýändigini görkezdi diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG