ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň topragyna aýak basyp, iki Koreýanyň aralygyndaky Harbysyzlaşdyrylan zonada Phenýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşdy.
Iki erkek iki Koreýanyň aralygyndaky serhet çyzygyndan aňyrda elleşip görüşdi we Tramp Demirgazyk Koreýanyň içine birnäçe ädim girdi. Ol şeýle iş eden ilkinji ABŞ prezidenti boldy.
Ýene bir el gysyşmadan soň, Tramp we Kim bilelikde Günorta Koreýanyň territoriýasyna geçip, Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-iniň ýanyna geldi.
"Bu dünýä üçin beýik gün we bu ýerde bolmak meniň üçin hormat” diýip, Tramp aýtdy. “Örän kän beýik işler amala aşyrylýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kim Trampyň Demirgazyk Koreýanyň içine aýak basmagynyň “örän batyrgaý we aýgytly akt” bolandygyny aýtdy. “Bu biziň ýakymsyz geçmişi soňlamak isleýändigimizi aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kim bilen ýapyk gapylaryň arkasynda geçiren 50 minut çemesi gepleşiklerinden soň, Tramp iki tarapyň doňup galan ýadro gepleşiklerini hepdeler içinde täzeden başlamak üçin ýörite toparlary döretjedkgini aýtdy.
Şeýle-de ol Kimi Birleşen Ştatlara sapara çagyrandygyny aýtdy.
Tramp we Kim mundan öň, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýanyň liderini ýadro ýaraglary programmasyndan el çekmäge yrmak tagallalarynyň çäginde, iki gezek duşuşdy.
Iki lider hem sammitlerden soň bir-biri barada öwgüli sözleri aýtdy, emma Phenýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmak ähtimallygy babatynda hiç bir öňegidişlik gazanylmady.
Tramp Seula 29-njy iýunda giçlik, Ýaponiýada G20 sammitine gatnaşandan soň, Moon bilen gepleşik geçirmek üçin geldi.