Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýalylar dartgynly ýerli saýlawlarda ses berýärler


Hökümete garşy protestçiler. Tirana, 21-nji iýun, 2019.
Hökümete garşy protestçiler. Tirana, 21-nji iýun, 2019.

Albaniýalylar dolandyryjy we oppozisiýa partiýalarynyň arasyndaky ýokary dartgynlylyk, ýurduň prezidenti bilen premýer-ministriniň arasyndaky çekeleşmeler arasynda ses berýärler.

Esasy oppozisiýa 30-njy iýundaky munisipal saýlawlaryny boýkot edýär.

Premýer-ministr Edi Ramanyň sosialistleriň ýolbaşçylygyndaky hökümeti ses berişligiň geçirilmegini talap etdi, ýogsa prezident Ilir Meta, howpsuzlyk aladalary sebäpli, ony oktýabra çenli soňa goýmak kararyna gelendigini aýtdy.

Oppozisiýa hepdeläp protest bildirdi, olar hökümeti korrupsiýada we 2017-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda ses ogurlygynda aýyplaýarlar, Rama we onuň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär we täze umumy saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýar.

Oppozisiýa goldawçylary saýlawlara taýýarlygy bökdemäge synanyşyp, birnäçe ýagdaýda polisiýa bilen çaknyşdylar.

61 etrapda häkimleri we şäher geňeşlerini saýlamak üçin geçirilýän ses berişlikde 3.5 million çemesi albaniýaly ses bermäge hakly.

XS
SM
MD
LG