Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Siriýa howadan zarba urdy


Damaskyň kartasy
Damaskyň kartasy

Ysraýyl Damaskyň golaýynda we merkezi Homs regionynda prezident Başar al-Assada loýal güýçleriň pozisiýalaryna howadan zarba urdy. Bu barada Siriýanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy we Britaniýada ýerleşýän gözegçi topar habar berýärler.

SANA döwlet habar agentliginiň Siriýanyň ady agzalmadyk resmisine salgylanyp, habar bermegine görä, raketalar 1-nji iýulda Liwanyň howa giňişliginde bolan Ysraýylyň söweş uçarlaryndan atylypdyr.

Maglumatda Sahnaýa şäherine düşen zarbalaryň biri zerarly dört parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygy we 21 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar howa zarbalarynyň režime ýaran esasan daşary ýurtly dokuz sany söweşijiniň, alty sany raýatyň, şol sanda üç çaganyň ölümine sebäp bolandygyny aýdýar. Şeýle-de, guramanyň maglumatynda zarbalaryň paýtagtyň golaýynda Eýranyň pozisiýalaryna degendigi, Homs şäherinden günbatarda Liwanyň Hizballah söweşiji toparynyň we eýranlylaryň ýerleşýän barlag merkezine we aeroporta düşendigi aýdylýar.

2011-nji ýylyň mart aýynda hökümete garşy protestlerden soň Siriýada başlanan uruş zerarly 370 müňden gowrak adam wepat boldy. Millionlarça adam öz öýlerini terk etdi.

XS
SM
MD
LG