Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uruny baýlaşdyrmakda 2015-nji ýylyň ylalaşygynyň çäginden geçdi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Eýranda baýlaşdyrylan uranyň möçberi 2015-nji ýylda Tähranyň we dünýäniň iň täsirli ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygynda görkezilen çäkden geçdi diýip, çeşmeler aýdýarlar.

Fars täzelikler agentliginiň ady agzalmadyk "ygtybarly çeşmelere" salgylanyp, 1-nji iýulda habar bermegine görä, Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Eýranda baýlaşdyrylan uranyň 300 kilogramdan ybarat limitden geçilendigini tassyklapdyr.

Yzýany Reuters agentligi "zapaslar 300 kilogramdan aşdy" diýip, habar berdi.

"Biziň inspektorlarymyz şol ýerde we olar [pes derejede baýlaşdyrylan] uranyň möçberi tassyklansa bu barada tizden-tiz baş edara habar bererler" diýip, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň metbugat wekili aýtdy.

ABŞ Eýran bilen baglaşylan halkara ýadro ylalaşygyny 2018-nji ýylda birtaraplaýyn terk etdi.

Eýranyň resmileri ylalaşygyň beýleki gatnaşyjylarynyň ABŞ-nyň dikelden sanksiýalarynyň ýaramaz täsirlerini gowşatmakda şowsuz bolmagyna nägilelik bildirdiler we urany baýlaşdyrmak işini dikeltjegini yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG