Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sibirdäki suw joşguny zerarly 7 adam wepat boldy


Orsýetiň Irkutsk regionyň birnäçe etrabynda güýçli ýagyn heläkçilikli suw joşgunyna sebäp boldy.

Orsýetiň Irkutsk regionynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmileri 1-nji iýulda ýedi sany adamyň wepat bolandygyny tassykladylar we dokuz sany adamyň, şol sanda bir çaganyň ýiten hasaplanylýandygyny aýtdylar.

Halas ediji toparlar regionyň birnäçe etrabynda emele gelen suw joşguny zerarly ejir çekýän 24 müň adama ýardam berdiler diýip, resmiler aýtdylar.

Güýçli ýagynyň döreden weýrançylygy zerarly 150-den gowrak adam keselhana düşdi we müňlerçe jaý sandan çykdy.

Irkutskda güýçli ýagynlaryň 2-nji iýulda ýene-de bolmagyna garaşylýar.

30-njy iýunda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Baýkal kölüniň demirgazyk günbataryndaky Bratsk şäherine baryp, adatdan daşary ýagdaýy maslahat etdi.

Putin goranmak ministri Sergeý Şoýgudan taýýar bolmagy we eger ýagdaý düzelmese, halas edijilere ýardam bermek üçin regiona harbylary ugratmagy talap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG