Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkmenistanyň Azerbaýjanyň üstünden ÝB ýurtlaryna gaz ibermegine garşy durýar


Türkmen harbylary deňizde türgenleşik geçýärler. Arhiw suraty

Orsýetiň Türkmenistandan Azerbaýajana çekilmekçi bolýan Transhazar geçirijisiniň gurluşygyna garşy durýandygy habar berilýär.

Azerbaýjanyň “Minval” neşiriniň maglumatyna görä, Russiýa Federasiýasynyň Bakuwdaky ilçisi Mihail Boçarnikow bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny aýan etdi.

Orsýetiň bu meseledäki pozisiýasy üýtgewsiz galýar. Ozaly bilen, biz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklary esasynda öz üstümize alan borçnamalarymyzyň talaplaryndan ugur almaly, şeýle-de aýratyn alnan “ykdysady taslamalaryň” hyýaly we o diýen görnetin bolmadyk bähbitleriniň hazarýaka döwletleriniň ilatynyň uzak möhletli bähbitlerinden we suw howdanynyň ekologiki ulgamyny gorap saklamak perspektiwalaryndan ileri tutulyp bilmejegine düşünmeli” diýip, Boçarnikow aýtdy.

Ilçi Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça 2018-nji ýylyň awgustynda bäş hazarýaka ýurdy tarapyndan gol çekilen Konwensiýa salgylandy.

Konwensiýa laýyklykda, taraplar deňziň düýbünden geçiriji gurmak üçin teoretiki mümkinçilik we hukuk esaslaryny aldylar, emma munuň üçin bäş hazarýaka döwletiniň taslamanyň ekologiýa taýdan howpsuzlygy boýunça razylygyny almaly.

Rus ilçisi bu poziýasyny Türkmenistanyň Orsýet bilen täze, 5 ýyllyk gaz şertnamasyna gol çekmeginiň yz ýanyndan ýatlatdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG