Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkiýä işlemäge gelen türkmenleriň sany juda köpeldi, olar 'eläji bolsa' yzlaryna dolanmajak bolýar"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň meselelerine gönükdirilýär.

Onuň dowamynda hususan-da Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada söhbetdeşlikler geçirilýär.

3-nji iýulda Azatlyk Raidosynda “Türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmek we dolanmazlyk islegleri artýar” sözbaşyly habar çap boldy. Bu hepdäniň dowamynda diňleýjiler tarapyndan iň köp diňlenen makala boldy.

Onda Türkmenistana dolanmak islemeýän daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sanynyň barha artýandygy habar berildi.

Bu maglumatyň fonunda Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň wekilleri bilen bu tema boýunça gürrüňdeşlik geçirildi.

"Türkiýä işlemäge gelen türkmenleriň sany juda köpeldi, olar 'eläji bolsa' yzlaryna dolanmajak bolýar"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG