Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagysrtanyň iri şäherlerinde onlarça protestçi tussag edildi


Şäher we ozalky lideriň doglan gününde gazak paýtagtyndaky tussag etmeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:08 0:00

Şäher we ozalky lideriň doglan gününde gazak paýtagtyndaky tussag etmeler

Häkimiýetler Gazagystanyň iki uly şäherinde, protestçileriň täze saýlanan prezident Kasym-Žomart Tokaýewe garşy guran soňky çykyşlarynda onlarça adamy tussag etdiler.

Paýtagt Nur-Soltandaky demonstrasiýaçylar 6-njy iýulda şäheriň köçelerinde ýöriş edip, raýat eşiklerini geýen we adamlary güýç bilen golaýda duran polisiýa awtobuslaryna tarap süýreýän polisiýa ofiserleri bilen gapma-garşy boldular.

Howpsuzlyk agentleri bolup görünýän erkekler AÝ/AR-nyň bu tussag etmeleri surata, wideo düşürmäge synanýan habarçylarynyň öňüni saýawanlary ulanmak bilen ýapmaga çalyşdylar.

Käbir wideo we tele-radio gepleşik enjamlaryna tanalmaýan adamlar tarapyndan zyýan ýetirildi.

Tussag edilenleriň käbiri gyrada duran tomaşaçylar bolup çykdy. 6-njy iýul güni giçlik paýtagt Nur-Soltanda azyndan 70 adam, Almatyda hem şonçarak protestçi tussag edildi.

Protestçiler Şimkent, Karaganda we Oral şäherlerinde hem demonstrasiýa çykdylar, bu ýerlerde hem adamlaryň tussag edilendigi habar berildi.

Bu protestler bölekleýin 2009-njy ýyldan bäri bosgunlykda ýaşaýan gazak tüçjary Muhtar Ablýazow tarapyndan goldanylýan, gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik saýlawy partiýasy tarapyndan gurnaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG