Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy “Nastoýaşşeýe Wremýa” TW-siniň habarçysyny ýurtdan çykarýar


Žazgul Egemberdiýewa

Gazak sudy “Nastoýaşşeýe Wremýa” telewideniýesiniň habarçysynyň ýurtdan çykmagyny buýurdy we onuň Gazagystanyň immigrasiýa düzgünlerini bozandygyny aýdyp, bäş ýyllap bu ýere gelmeginigadagan etdi.

Gazagystanyň Nur-Soltan şäheriniň sudy 5-nji iýulda gyrgyz raýaty Žazgul Egemberdiýewanyň 10 gün içinde ýurtdan çykmagyny buýurdy. Gazak resmileri onuň immigrasiýa resmilerine Gazagystanda 30 günden artyk galýandygyny aýtmandygyny aýdýarlar.

“Nastoýaşşeýe Wremýanyň” ýolbaşçylary özleriniň bu buýrugyň töweregindäki ýagdaýlary derňeýändiklerini aýtdylar.

Egemberdiýea Gazagystanda 3-nji maýdan bäri, “Nastoýaşşeýe Wremýanyň” 9-njy iýunda geçen prezident saýlawlaryny beýan etmek missiýasynyň çäginde galýardy.

Saýlawlarda uzak wagtlyk dolandyryjy Nursotan Nazarbaýew tarapyndan seçilen Kasym-Žomart Tokaýew prezident saýlandy. Halkara gözegçileri saýlawdan öň we saýlaw döwründe parahat demonstrasiýaçylaryň tussag edilmegini tankytladylar we “saýlaw gününde ýol berlen bidüzgünçilikleriň ýurtda demokratik standartlara goýulýan hormat-sylagyň çäklidigini görkezendigini” aýtdylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG