Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirdäki suw joşmasynda dereksiz ýiten 30 adam halas edildi


Hadysada 10 müň töweregi jaýy suw basdy.

Russiýanyň Irkutsk şäherinde iýunyň aýagynda ýüze çykan suw joşmasyndan soň dereksiz ýitdi diýlip yglan edilen 30 adam tapyldy we halas edildi.

Ýerli häkimiýetler ýene-de 11 adamyň tapylmaýandygyny aýtdylar.

Suw joşmasynyň netijesinde 22 adam heläk boldy.

Resmi beýanatda dereksiz ýiten adamlaryň anyk haçan halas edilendigi we olaryň saglyk ýagdaýy barada maglumat berilmeýär.

Suw joşmasy sebitiň 107 ýaşaýyş nokadyna täsir ýetirdi. Hadysada 10 müň töweregi jaýy suw basdy.

Deslapky maglumatlara görä, tebigy hadysanyň netijesinde 29 milliard rubl, ýagny 454 million dollar möçberinde zyýan ýetipdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG