Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ABŞ-dan harby serişdeleri satyn almak boýunça haýyş bilen ýüz tutdy


Ukrain esgeri
Ukrain esgeri

Ukraina ABŞ-dan harby serişdeleri satyn almak barada resmi haýyş bilen ýüz tutdy. Bu Ukrainanyň ýurduň gündogar sebitlerinde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen alyp barýan söweşiniň dowamynda ilkinji gezek edildi.

ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasy özüniň Twitter hasabynda ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi William Taýloryň bu haýyş bilen baglylykdaky beýanatyny çap etdi.

ABŞ 2014-nji ýyldan bäri, ýagny Russiýanyň Krymy basyp almagyndan we Donbas sebitindäki separatistleri goldap başlamagyndan soň, Ukraina 1,5 milliard dollarlyk harby hemaýaty berdi.

ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi John Herbstiň maglumatyna görä, Russiýa jeňçileri 450-ä golaý tank we 700 töweregi agyr serişdeler bilen üpjün edipdir.

XS
SM
MD
LG