Gürjüstanyň oppozisiýa tarapyndan dolandyrylýan Rustawi-2 tele-kanaly žurnalist Giorgi Gabuniany – onuň rus prezidenti Wladimir Putine garşy aýdan gödek we paýyş sözleri üçin – 2 aý möhlet bilen işinden çetleşdirdi.
8-nji iýulda Rustawi-2 özüniň efirini alty sagat kesipdi. Mundan öň, ýüzlerçe demonstrant žurnalistiň Putin baradaky belliklerine garşy protest geçiripdi.
Giorgi Gabunianyň “Postscript” gepleşiginde rus dilinde eden bellikleri gürji prezidenti Salome Zurabişwili tarapyndan “prowokasiýa” atlandyrylyp, ýazgaryldy. Gabunianyň çykyşyny Tblisiniň häkimi we Russiýanyň Daşary işler ministrligi hem ýazgardy.
Gürjüstanyň premýer-ministri Mamuka Bekhtadze Gabunianyň çykyşyny “ýigrendiriji prowokasiýa” atlandyryp, onuň “ýurdy durnuksyzlaşdyrmak synanyşygy bolandygyny” hem belledi.
Gürjüstanyň Žurnalistiki Etika boýunça hartiýasy Gabunianyň bellikleriniň “etika gabat gelmeýän hereket bolandygyny” we onuň žurnalistlere bolan ynama zeper ýetirýändigini aýtdy.
Gabunian öz çykyşynda Putini “pis basybalyjy” atlandyrdy, şeýle-de Putiniň ejesi we kakasy barada paýyş sözleri aýtdy, mundan başga-da Putiniň mazarynda täret etjekdigini söz berdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!