Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýt petikli


Illýustrasiýa suraty.

Täze barlagyň netijelerine görä, Türkmenistanda häkimiýetler azyndan 133 saýty petikli saklaýar.

Repressiw ýurtlar barada habarlary çap edýän garaşsyz maglumat serişdelerine digital howpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation şwed guramasynyň geçiren soňky barlaglaryna görä, türkmen hökümeti köp sanly meşhur onlaýn habar saýtlaryny we sosial media ulgamlaryny petikli saklaýar.

Bu barada turkmen.news garaşsyz habar saýty maglumat berýär.

Geçirilen barlaglara görä, Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolan “Türkmentelekom” kompaniýasy BBC kanalynyň, Reuters habar agentliginiň, “Eho Moskwy” radiostansiýasynyň, “Habertürk”, “Hürriyet” ýaly türk neşirleriniň, "Deutsche Welle“ (Nemes tolkuny) saýtynyň, Der Spiegel gazetiniň we beýleki köp sanly habar çeşmeleriniň saýtlaryny petikli saklaýar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň petikli saklaýan habar saýtlarynyň arasynda Azatlyk Radiosynyň websaýty hem bar.

Qurium-yň geçiren barlaglaryna görä, Alexa onlaýn analitiki çeşmesiniň dünýäniň iň meşhur 10.000 saýty hasaplaýan web sahypalarynyň arasynda azyndan 133 saýt Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar.

Olaryň arasynda Facebook, Twitter, LinkedIn, YouTube, Instagram, VKontakte ýaly meşhur sosial media saýtlary bar.

Türkmenistanda petikli rus habar çeşmeleriniň arasynda “Komsomolskaya prawda”, “Izwestiya”, “TASS” habar agentligi, “Meduza” onlaýn neşiri ýaly saýtlar bar.

Ýurtda petikli türk habar neşirleriniň arasynda “Hürriyet” we “Habertürk” bilen bir hatarda “Sözcü”, “Mynet”, “Haber7” ýaly maglumat çeşmeleriniň hem saýtlary petikli bolmagynda galýar.

Hökümete degişli bolmadyk şwed guramasynyň geçiren barlaglaryna görä türkmen häkimiýetleri Eýranyň “Tasnim” we “Mehr” ýaly habar agentlikleriniň saýtlaryny hem petikli saklaýar.

Maglumata görä, Türkmenistan Pakistanyň “Dawn.com” Hindistanyň “India Express” ýaly gazetleriniň websaýtlaryny hem petikleýär.

Türkmenistanda petiklenýän messenjerleriň hatarynda Telegram, WhatsApp ýaly tilsimler hem bar.

Türkmen resmileri adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara duşuşyklarda edýän çykyşlarynda ýurtda Internetiň erkindigini, terrorçylygy ündeýän saýtlardan we porno saýtlardan başga ähli saýtlaryň ilata elýeterlidigini öňe sürýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 2019-njy ýylda dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 180-nji orny eýeledi.

Türkmenistanyň çäginde ilat ýurtda petikli saýtlara girmek üçin WPN tilsimleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Azatlyk Radiosynyň ýanwaryň aýagynda çap eden derňew maglumatlary Türkmenistanda häkimiýetleriň ilat arasynda dürlipikirli raýatlary aňtap, yzarlamak üçin, şeýle-de häkimiýetleriň howply hasaplaýan saýtlaryny petiklemek üçin Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryndan we ekspert maglumatlaryndan peýdalanýandygyny görkezýän alamatlaryň bardygynyň üstüni açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG