Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toslama saýt “Altyn Asyr” aragatnaşyk kompaniýasynyň adyndan iPhone üçin zyýanly tilsim ýaýradýar


Illýustrasiýa suraty

Dünýäde iPhone ulanyjylarynyň maglumat howpsuzlygyna täze bir içalyçylyk tilsimi wehim salýar.

Bu tilsim Türkmenistanyň “TMCELL – Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň hem-de Italiýanyň “Wind Tre S.p.A” mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň websaýtlary ýaly bolup görünýän aýrybaşga “fişing”, ýagny zyýanly saýtlaryň üsti bilen ýaýradylýar. Bu barada “TechCrunch”, “Threat Post” we “Digital Journal” ýaly tehnologiýa habarlaryny çap edýän saýtlar “Lookout” mobil howpsuzlyk firmasynyň geçiren soňky barlaglaryna salgylanyp habar berýärler.

Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk kompaniýasynyň goşundysy ýaly bolup görünýän bu tilsim haçan-da telefona ýüklenilende iPhondedaky kontaktlaryň sanawyny, ses ýazgylary, suratlary, wideolary we beýleki maglumatlary, şol sanda telefonyň ýerleşýän ýerini ele geçirip bilýär. Köpler iPhonelaryň dolandyryş ulgamyny howpsuz hasaplaýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, agzalýan tilsimiň üsti bilen adamlaryň ikiçäk telefon gepleşiklerini hem diňläp bolýar.

“TechCrunch” bu tilsimleriň howpsuzlyk jähtden kimleri nyşana alyp döredilengi barada maglumatyň elýeterli däldigini belläp, olaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň mobil operatorlarynyň websaýtlaryna öýkünilip döredilen websaýtlar arkaly ýaýradylýandygyna ünsi çekýär.

Neşiriň maglumatyna görä, agzalýan içalyçylyk tilsimini döredenler olary ýüklemäge degişli çelgileri “aýna saýtlara” ýagny, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň mobil operatorlarynyň websaýtlary ýaly bolup görünýän saýtlara ýerleşdirmek bilen, Apple kompaniýasynyň App Store, ýagny tilsim dükanynyň daşyndan aýlanyp geçmegi başarypdyrlar. Şeýle etmek bilen, içalyçylyk programmalaryny döredenler Apple kompaniýasynyň öz wirtual dükanynda tilsim ýerleşdirmek boýunça talap edýän berk düzgünlerinden sowlup geçmegi başarypdyrlar.

Agzalýan içalyçylyk programmalarynyň Türkmenistanyň TMCELL kompaniýasy bilen, ýa-da Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän kimdir biri bilen ilteşiginiň bardygy ýa-da ýokdugy heniz mälim däl. Ýöne täze işe girizilen bu tilsimler Android platformalaryna niýetlenen mundan ozalky “Exodus” programmalaryna meňzeýär. Agzalýan soňky programmanyň takmynan 25 görnüşi Google Play Store onlaýn dükanyna ýerleşdirilipdir. Google soňy bilen bu zyýanly programmalary öz binýadyndan aýyrdy.

Täze tapylan içalyçylyk programmalaryny näçe adamyň öz aýfonyna (iPhone) ýükländigi barada anyk maglumat ýok.

Ýatlasak, Azatlyk türkmen häkimiýetleri bilen Rohde & Schwartz kompaniýasynyň raýatlary yzarlamaga degişli enjamlar boýunça hyzmatdaşlyk edýän bolmak ähtimallygy barada derňew işini geçirip, ýanwaryň aýagynda onuň netijelerini çap etdi.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki we Rohde & Schwartz kompaniýasyndaky çeşmeleriniň sözlerine görä, agzalýan nemes kompaniýasy Türkmenistanyň Goranmak ministrligini hem-de Aragatnaşyk ministrligini içalyçylyk maksatly hem-de hökümet üçin amatsyz saýtlary petiklemekde, şeýle-de petikli saýtlara girmäge synanyşýan ulanyjylary anyklamakda ulanyp boljak enjamlar bilen üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Rohde & Schwarz kompaniýasynyň üpjün eden enjamlarynyň adamlaryň arasyndaky telefon söhbetdeşlikleri diňlemekde hem-de mobil aragatnaşyk arkaly ugradylýan hatlara gözegçilik etmekde ulanylýan bolmagy mümkin.

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň ýeke-täk mobil aragatnaşyk kompaniýasydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG