Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirdäki suw joşmasynyň netijesinde ölenleriň sany 24-e ýetdi


Deslapky maglumatlara görä, suw joşmasy 29 milliard rubl, ýagny $454 million möçberinde zyýan ýetiripdir.

Rus resmileri Sibiriň Irkutsk sebitine gelen suw joşmasynyň netijesinde heläk bolanlaryň sanynyň 24-e ýetendigini mälim etdiler.

Irkutskyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň 10-njy iýulda beren maglumatyna görä, hadysada 24 adamyň ölendigi tassyklanylypdyr. Mundan başga-da, dokuz adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanylýar.

Resmiler 486 adamyň, şol sanda 116 çaganyň hem keselhanalarda bejergi alýandygyny aýtdylar.

Mundan öň, suw joşmasynyň netijesinde 107-i şähere we oba zeperiň ýetendigi, 10 müň 800 jaýyň weýran bolandygy we 33 müň adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandygy aýdylypdy.

Resmiler arassalaýyş işleriniň dowam edýändigini belleýärler.

Deslapky maglumatlara görä, suw joşmasy 29 milliard rubl, ýagny $454 million möçberinde zyýan ýetiripdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG