Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bugdaý plany 'dolandan' soň galla önümleri kärhanalarynda 'uly derňewler' başlandy


Şu ýyl bugdaý planynyň doldurylandygy baradaky habara el çarpýan resmiler.

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Daşoguzdaky bugdaý işläp bejerýän kärhanalarynda “uly derňewler” başlandy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Bu maglumat prezident Gurbanguly Berdimuhamwedowyň gallaçy daýhanlary 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürmekleri bilen gutlamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol bir wagtda, Aşgabatdaky Oba hojalyk uniwersitetinde “Galla-2019” maslahatynyň geçirilip, “ýurtda azyk bolçulygy üpjün edildi,Türkmenistan daşary ýurtlara bugdaý eksport edýän ýurda öwrüldi” diýen sözler aýdyldy.

Emma habarçy ilatyň, arzan bahadan satylýan ýerli uny islän wagtyndatapman, Gazagystandan we Orsýetden getirilen uny gymmat bahadan satyn almaga mejbur bolýandygyny aýdýar.

“Barlaglar bugdaý öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň doldurylandygy barada çap edilen resmi habaryň yz ýanyndan başlandy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. “Barlaglar Daşoguz şäherinde we etraplarda alnyp barylýar. Bugdaý işläp bejerýän zawodlar Boldumsazda, S.Türkmenbaşy etrabynda hem bar” diýip, habarçy 10-njy iýulda barlaglaryň bugdaý üwelýän kombinatlara hem baryp ýetendigini habar berdi.

Geçen ýyldaky gurakçylyk we oba hojalygynda uzakdan bäri saklanyp galýan problemalar 2018-nji ýylyň bugdaý hasylynyň garaşylyşyndan pes bolmagyna we ýurtda ýerli unuň, mal iýminiň ýetmezçilik etmegine alyp geldi; sosial ulgamlarda bu ýagdaýy tassyklaýan, ilatyň kepek nobatyna, çörek nobatyna durşuny görkezýän wideolar çap edildi.

Azatlygyň geçen ýylyň fewralynda habar berşi ýaly, bu ýagdaý Daşoguz welaýatynyň Ruhybеlеnt etrabynyň ýolbaşçylarynyň “gurply ýa-da özüni oňarýan adamlaryň öýlеrindе barlag gеçirip, maşgala agzalarynyň belli bir wagtda iýjek unundan artyk görlen uny konfiskasiýa etmek ýaly” çözgüt tapmaklaryna hem alyp geldi.

Geçen ýyldan tapawutlylykda, 2019-njy ýyl ygally geldi. Şol bir wagtda ýerli synçylar we Azatlygyň habarçylary aprel, maý aýynda ýagan çabgaly, dowamly ýagyşlaryň ekin meýdanlaryna aşa köp çyg düşmegine, hasyla duran bugdaý we arpa sümmülleriniň ýatmagyna sebäp bolandygyny habar berdiler.

Türkmen hökümetine tarapdar metbugat serişdeleri ýurtda ýagynly günleriň adatdakydan kän bolandygyny tassyklasalar-da, onuň ekin meýdanlaryna ýetiren zyýany barada hiç bir maglumat bermediler.

Munuň üstesine, prezident Berdimuhamedow gaýtadan dikelden Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde, geçen ýylyň sentýabryndatäze oba hojalyk özgertmelerini teklip etdi. Mundan öň ol 2008-nji ýylda, ozalky prezident S.Nyýazowyň netijesiz çykandygyny boýun alan täze oba syýasatyna derek, öz oba hojalyk reformalaryny yglan edipdi.

Emma Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylda oba hojalygynda çuň ornaşan problemalary, ýerleriň şorladylmagyny, suw desgalarynyň netijeli ulanylmazlygyny, dökünleriň ýeterlik öndürilmezligini we daýhançylyk işiniň täzeçe guralyp bilinmezligini bölekleýin boýun aldy. Şeýle-de ol, netijeli işlemeýän kärendeçileriň ýerlerini alyp, hususy telekeçilere uzak möhletli ýer, ýeňillikli karz bermek, döwletiň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak ýaly teklipleri öňe sürdi.

Türkmen mediasy prezidentiň täze teklipleriniň gowy netije berýändigini ynandyrmaga çalyşýar.

Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar” diýip, türkmen mediasy daýhanlaryň gazanjynyň anyk näçe prosent köpelendigini aýtmazdan, anyk özgerişlik sanlaryny getirmezden ýazýar.

Emma Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertlerinde gürleşýän daýhanlar oba hojalygynda işläp, maşgala eklemegiň tas mümkin däldigini öňe sürýärler.

Bu pudakda indi diňe amatly, mes ýerdenonlarça gektar ýer almaga, gerek wagtynda suw, tehnika almaga, arzan işçileri hakyna tutmaga mümkinçiligi bolan wezipeli adamlar peýda görüp bilýär” adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzly daýhan habarçymyza aýtdy.

Sowet ýyllarynda Daşoguzda köp işlän, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary bolan, häzir Şwesiýada ýaşaýan pensioner Sapar Yklymowyň pikiriçe, "türkmen hökümetiniň daýhanlary mejbury zähmetiň pidalary edip saklamagyny bes etmegine bireýýäm wagt boldy". Onuň pikiriçe, "Türkmenistanda ýeri daýhana bermän, daýhançylykdan peýda görmek mümkin däl".

Sowet ýyllarynda kada bolan artdyryp ýazmalaryň şol wagt partiýa ýolbaşçylaryna, aşakdaky adamlaryň bir toparyna peýda bolandygyny aýdýan ozalky resmi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde "häzir artdyryp ýazmalaryň-da, propagandanyň-da hiç kime peýdasynyň ýokdugyny, aýdylýan sanlara hiç kimiň ynanmaýandygyny, Türkmenistanyň oba hojalyk reformasy meselesinde öňe däl, yza gaýdýandygyny" aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG